Sepleriň elýeterliligi

Snowden gizlin dokumentler goragly diýýär


Amerikan aňtaw maglumatlaryny syzdyryjy Edward Snowden özüniň Milli howpsuzlyk gullugyndan ele geçiren gizlin dokumentleriniň hiç biriniň Orsýete we Hytaýa eleterli bolmajagyna ynamlydygyny aýtdy.

Snowden “The New York Times” gazetine beren gürrüňinde özüniň ol dokumentleriň ählisini Moskwa uçmazyndan öň Hoň-Koňda duşan žurnalistlerine berendigini aýtdy.

Şeýle-de ol bu dokumentleri hytaý içalylaryndan ýaşyrmaga ukyply bolandygyny, sebäbi bu ugurdan ýörite tälim alandygyny aýtdy.

Ol Orsýetiň we Hytaýyň onuň alyp barýan gizlin amerikan dokumetlerini ele geçirmegine hiç bir mümkinçiligiň bolmandygyny aýtdy.

Snowden Birleşen Ştatlaryň dünýä boýunça toplan ummasyz kän möçberdäki telefon we internet ýazgylarynyň üstüniň açylmagynyň çeşmesi bolupdy.

Orsýet Snowdene bir ýyllyk gaçybatalga berdi. ABŞ-nyň häkimiýetleri ony içalyçylyk aýyplamalarynda aýyplady.
XS
SM
MD
LG