Sepleriň elýeterliligi

10 albaniýaly günäli bilindi


Kosowada Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän sud on sany albaniýalyny türme tussaglygyna höküm etdi.

Olar barlag nokadynda serb polisiýasyna hüjüm edipdirler. Berlen türme tussaglyklary 26 aýdan dokuz ýyl aralygynda.

Ýewropa Bileleşiginiň kanunyň hökmürowanlygy missiýasy sud edilenleriň «terrorizm» we terror toparyna gatnaşmak aýyplamasynda günäli tapylandyklaryny aýtdy.

Sud edilenler 2012-nji ýylyň iýunynda günorta Serbiýada barlag nokadyna ýaragly hüjüm edipdirler.

Bu hüjümde bir ofiseriň ýeňil ýaralanandygy aýdyldy.
XS
SM
MD
LG