Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haagada diplomatlaryň jaýyna giriljek bolundy


Niderlandiýanyň polisiýasy Haagada rus ilçihanasynyň işgärleriniň ýaşaýan ýerine bikanun girmek synanyşygyny derňeýär.

Gollandiýanyň daşary işler ministri Frans Timmermans penşenbe güni bolan zat üçin ötünç sorady.

Golland metbugaty ol binanyň Orsýetiň diplomatik missiýasynyň bir bölegi bolmandygyny, eýsem rus ilçihanasynyň işgärleriniň belli bolmadyk böleginiň ýaşaýan jaýy bolandygyny ýazdy.

Bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary biraz dartgynlaşdyran birnäçe wakanyň soňkusydyr.

Şu hepdäniň başlarynda iki adam elektrikçi bolan bolup, golland diplomatyny öz Moskwadaky kwartirasynda urupdy.

Moskwa bu wakanyň Niderlandiýada rus diplomatynyň urulmagyndan we Orsýet tarapyndan 30 sany grinpis aktiwistiniň tussag edilmeginden soň bolandygyny aýdýar.

Ol aktiwistler golland baýdagy dakylan gämide Arktikadaky nebit burawyna garşy protest geçiripdiler.
XS
SM
MD
LG