Sepleriň elýeterliligi

Rus aktiwisti türmeden çykmaýar


«Pussi raýot» pank toparynyň iki ýyl tussag edilen agzasy Mariýa Alehina özüne berlen jezanyň ýumşadylmagy barada ýazan arzasyny yzyna aldy.

Ol Nižniý Nowgorodda bolan sud diňlenişiginde jorasy Nadežda Tolokonnikowa tussagda otyrka özüniň azatlyga çykyp bilmejegini aýtdy.

Tolokonnikowa açlyk yglan edeninden soň türmedäki hassahana ýerleşdirildi.

Şeýle-de Alehina rus häkimiýetleri ýaş çagaly aýallaryň hemmesini tussaglykdan boşatsa, özüniň azatlyga çykmaga taýýardygyny aýtdy.

2012-nji ýylyň awgustynda üç «Pussi raýot» aktiwisti bozgaklykda we dini ýigrenji öjükdirmekde aýyplanyp, iki ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Emma soň olaryň biriniň türme möhleti şertli tussaglyk bilen çalşyrylypdy.
XS
SM
MD
LG