Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birýulýowo we Bolotnaýa: Ýörişleriň hekaýaty


Russiýada polisiýa işgärleri hatara düzülip gidip barýar.
Russiýada polisiýa işgärleri hatara düzülip gidip barýar.
Orsýetde hemmä mälim bir ýagdaý bar, ýagny ol ýerde bolup geçýän tolgunyşyklary döredýän sebäpleriň hemmesi deň däl.

13-nji oktabrda milletçiler polisiýa işgärleri bilen çaknyşdylar. Olar ors milletinden bolan bir adamy öldürdi diýilýän migrantlary gözläp, olaryň ýaşaýan ýerlerinde aýnalary döwüp, awtoulaglary agdaryp, bakja önümleri saklanýan ammary agdar-düňder etdiler. Derňewçiler olaryň bu eden hereketini “huligançylyk” diýip häsiýetlendirdiler.

2012-nji ýylyň 6-njy maý güni, prezident Wladimir Putiniň prezidentlik wezipesine başlamagynyň öň ýanynda oppozisiýaçy protestçiler Bolotnaýa skwerinde polisiýa bilen çaknyşypdylar. Muňa gatnaşan protestçilere “tolgunyşyga gatnaşmak”, “halky bulagaýçylyga küşgürmek” we “polisiýa işgärine hüjüm etmek” ýaly günäler ýöňkelip, jogapkärçilige çekildiler.

Dälihana ugradyldy

13-nji oktýabrda Moskwanyň Birýulýowo raýonynda bolan tolgunyşyklardan soň welin, köp bolsa üç sany milletçi pitneçi, jenaýat jogapkärçiligine çekilendir. Olar hem gaty gitse, ýedi ýyl azatlykdan mahrum edilendir. Ýöne, ynha, 2012-nji ýylyň maý wakalarynda 28 sany oppozision aktiwist tussag edilip, olary 13 ýyl azatlykdan mahrum etdiler. Aktiwistlerden birini hem dälihana ugratdylar.

Haçan-da Birýulýowodaky protestçiler güýç ulanyjy edaranyň işgärleriniň özlerine basyş görkezýändiginden şikaýat edenlerinde, häkimiýetler iki sany ýokary wezipeli işgäri işden boşatdylar.


Protestçileriň aýtmagyna görä, polisiýanyň küşgürmeginiň netijesinde dörän “maý 2012, Bolotnaýa” wakasynda köp sanly polisiýa işgärlerine ýaşaýyş jaýlary sowgat berlipdi we güýç ulanyjy gulluklaryň işgärlerine, jaýlarynyň içini bezemek üçin, dürli bezegler sowgat edilipdi.

Orsýetde bolup geçen bu wakalara Kremliň gatnaşygynda käbir çaprazlyklar bar. Orta gatlaga degişli ýaşlaryň, has takygy ýaş moskwalylaryň geçiren oppozision köçe hereketi bilen, golaýda bolup geçen Birýulýowo wakasynyň arasynda tapawutlar bar diýip, bilermenler aýdýarlar. Şol sebäpden hem häkimiýetler Birýulýowo wakasynda millietçileriň uly göwrümli bulagaýçylyk turuzmagyndan gorkdular.

“Häkimiýetleriň üstünden gülüpdiler”

Moskwada ýaşaýan syýasy analitik Pawel Salin bu barada şeýle diýýär: “Bolotnaýa wakasynda ýaşlar häkimiýetleriň üstünden gülüpdiler we polisiýa bilen çaknyşmaga öňünden hiç hili taýýarlyk görmändiler. Olar özlerini kanagatlandyrmaýan zatlar barada gürrüň etmäge taýýarlyk görüpdiler. Ýöne Birýulýowodakylar güýç ulanyjy edaranyň işgärleri bilen uruşmagy ýüreklerine düwüp gelipdiler. Häkimiýetler bu ýagdaýa düşünýärler we olar şeýle wakalardan gorkýarlar.”

Geçen hepdäniň soňunda bir etniki ors öldürileninden soň paýtagt Moskwada tolgunyşyklar boldy. Häkimiýetler bu waka bilen bagly Azerbaýjanyň bir raýatyny sakladylar.

13-nji oktýabrdan bäri polisiýa işgärleri 1200 sany migrant işçini tutdular. Şaýatlaryň çaklamalaryna görä, olar paýtagtyň içinde orta aziýaly çem gelen raýaty tutup, türmä basmagy dowam etmekçimiş.

Düýn polisiýa işgärleri bolan waka bilen bagly güman edilýän Orhan Zeýnalowy ile göz edip, polisiýanyň ýörite toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tussag etdiler. Ondan soň hem olar Zeýnalowy ýene-de adamlara göz edip, dikuçar bilen Moskwanyň eteginden şähere uçurdylar.

Şondan bäri Orsýetde entek dartgynlylyk dynanok. 15-nji oktýabrda Birýulýowo raýonynda pyçaklanyp öldürilen bir özbek raýatynyň jesedi tapyldy. Şol gije ýüzlerçe milletçi pitneçiler ýene-de köçä ýaragly çykypdyrlar we polisiýa tarapyndan saklanypdyrlar.

Bu wakalar ors milletçileriniň her ýylyň 4-nji noýabrynda geçirýän “ors ýörişine” az wagt galanda bolup geçýär.
XS
SM
MD
LG