Sepleriň elýeterliligi

Çagalar gaýtadan pagta sürülýär


Pagta meýdanyndaky çagalar

Pagta meýdanyndaky çagalar

Soňky ýyllaryň dowamynda resmi Aşgabat pagta meýdanlarynda çaga zähmetiniň ulanylmagyna garşy käbir çäreleri geçirene meňzedi. Emma, muňa garamazdan, bu ýyl ýene-de gowaça meýdanlarynda pagta ýygyp ýören çagalara duş gelmek bolýar.

Häzir Türkmenistanda pagta ýygymy kampaniýasynyň gyzgalaňly döwri. Özbegistan bilen serhetde ýerleşýän Lebap welaýatynyň pagta meýdanlarynda ýerli ilatyň aglaba bölegi bilini büküp, agyr zähmet çekýär. Pagta ýygýanlaryň arasynda juda ýaş türkmenistanlylary hem görmek bolýar.


Pagta harmanynyň golaýynda öz gyz jigisi bilen duran on ýaşlaryndaky türkmen gyzjagazy özüniň gündelik durmuşyny şeýle beýan edýär: “Günde 27 ýa-da 31 kilogram pagta ýygýaryn. Pagtanyň her kilogramyna (köne puldan) müň manat tölenýär”.

Bu gyzjagaz birdenkä öz gürrüňini bes etmeli bolýar. Munuň-da özüne ýetesi sebäpleri bar. Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, ýaş çagalary pagta meýdanlarynda işletmek bikanun hasaplanýar. Muňa garamazdan, bu gyzjagaz we onuň onlarça boýdaşlarydyr ýaşytdaşlary okuwdan boşadylyp, hökümet resmileri tarapyndan pagta meýdanyna äkidilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Osman Hallyýew şu ýyl geçen ýyllardakydan tapawutlylykda ýene-de çagalaryň pagta ýygymyna köpçülikleýin gatnaşdyrylyp başlanandygyny aýdýar.


Ýokary synp okuwçylar

Osman Hallyýew bu barada şeýle gürrüň berýär: “Indi köp ýyllardan bäri mekdep okuwçylary mugallymlaryň guramaçylygynda pagta äkidilmeýärdi. Olar [çagalar] öz islegi boýunça, ýagny ene-atasy kärendeçi bolan ýaşlar pagta ýygaýmasa, [soňky ýyllarda]guramaçylykly ýagdaýda [pagta ýygmaga] äkidilenokdy. Şu ýyl bolsa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýokary klas okuwçylary [ýygyma] äkidilip başlandy. Olaryň ýanlarynda [gözegçilik etmek üçin] etrap häkimliginiň, ýerli geňeşlikleriň işgärleri hem bar. Geçen ýyllar şular ýaly ýagdaý ýokdy”.

Bärde düşnüksiz zat: çagalaryň näme sebäpden birdenkä pagta çekilmegidir.

Hallyýewiň ýerli daýhanlaryň sözlerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, resmiler ygalyň ir ýagyp, pagta zeper ýetirmeginden howatyr edip, işleriň has “ýokary depginde” alnyp barylmagy üçin çagalary pagta ýygymyna çekipdirler.


Emma bu gürrüňleri resmilere tassykladyp bolmady. Sebäbi resmileriň özi bu barada kelam agyz söz aýdanoklar. Munuň sebäpleriniň biri-de Aşgabadyň pagta ýygym kampaniýasyny göz astynda berk saklamagyndandyr.

Türkmenistan pagta önümçiligi boýunça dünýä boýunça dokuzynjy orunda durýar. Ýurt pagtany çig mal, mata we taýyn tekstil önümleri görnüşinde eksport edýär. Girdeji babatynda pagta ýurduň gazylyp alynýan tebigy resurslaryndan soň, ikinji ýeri eýeleýär.

Eger-de Türkmenistandan gelýän pagta önümleriniň çaga zähmeti bilen ilteşigi aýan edilse, onda Günbatar hyrydarlarynyň türkmen pagtasyny boýkotlamagy ahmal. Ozal Türkmenistanyň goňşusy Özbegistan şeýle çärelere duçar boldy.

Iki gezek çykyş etdi

Soňky ýyllarda Türkmenistan ýurduň pagta meýdanlarynda çaga zähmetiniň ulanylmaýandygy barada iki gezek çykyş etdi. Bu hem halkara jemgyýetçiligi tarapyndan belli bir derejede oňaýly garşylandy.


Ölmezinden bir ýyl öň, 2005-nji ýylda, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow çaga zähmetini gadagan edýän kanuna gol goýupdy. Bu ädim BMG-niň Çagalar edarasy – UNICEF – tarapyndan gowy garşylanypdy we bu kanunyň netijesinde türkmenistanly çagalaryň we ýetginjekleriň ykdysadyýetde ekspluatasiýa edilmekden azat boljakdygy bellenipdi.

Häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem 2008-nji ýylda çagalaryň we uniwersitet talyplarynyň oba-hojalyk pudagyndaky işlere çekilmegine gadagançylyk girizýän kanuny girizipdi. 2011-nji ýylda ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistanyň çaga zähmeti boýunça girizen özgerişlerine gowy baha beripdi.

BMG alada bildiripdi

Emma şol bir wagtda adam hukuklaryny goraýjy käbir toparlar Türkmenistanyň bu ugurdaky ilerlemelerini sorag astyna alýarlar. BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti 2012-nji ýylda Türkmenistanyň hasabaty diňlenende, ýurtda çagalaryň pagta meýdanlarynda işledilýändigi baradaky habarlar bilen bagly öz aladalaryny bildiripdi.

Çagalar bilen bir hatarda her ýyl pagta ýygymy möwsümi ýüzlerçe müň adam meýdanlarda zähmet çekmeli bolýarlar. Olaryň arasynda mugallymlar, lukmanlar we jemgyýetçilik işgärleri hem bar.

Eger-de kimdir biri bu çärelerden boýun gaçyraýsa, onuň işinden kowulmak howpy bar. Okuwçylara hem ýörite temmi çäreleriniň görülýändigi aýdylýar. Adynyň efirde tutulmagyny islemedik lebaply bir okuwçy şeýle gürrüň berýär: “Men 10-njy synpda okaýaryn. Bizden her gün okuwdan soň pagta ýygmagymyzy talap edýärler. Mugallymlar pagta ýygmaga gelmedik okuwçylara käýeýärler”.

Türkmen hökümeti her ýyl pagta ýygýan ýörite kombaýnlaryny satyn alýandygyny tekrarlaýar. Muňa garamazdan, pagta hasylynyň uly bölegi heniz hem el güýji bilen ýygnalýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG