Sepleriň elýeterliligi

Milletçilikli çykyşlar biznes bilen baglymy?


Polisiýa Birýulýowo raýonynda gök önümlerini satýan bazada migrantlary saklaýar, Moskwa, 14-nji oktýabr, 2013.

Polisiýa Birýulýowo raýonynda gök önümlerini satýan bazada migrantlary saklaýar, Moskwa, 14-nji oktýabr, 2013.

Moskwanyň häkimiýetleri şu hepdede bolan milletçilikli çykyşlary uly girdeji getirýän haryt bazalaryny öz gözegçiligine geçirmek üçin bahana hökmünde ulanýarlarmy? Azat Ýewropa/ Azatlyk Radiosy soňky günlerde köpleri gyzyklandyrýan bu sowala jogap tapmaga synanyşdy.

Milletçiler bikanun migrantlara garşy çykyş edip, Moskwanyň günorta böleginde ýerleşýän gök önümleri satýan dükanlara we bazalara çozuş edensoňlar, häkimiýetleriň bikanun çozuşa gatnaşanlara garşy çäre görmeklerine garaşylypdy.

Emma kanun goraýjy häkimiýetler düzgüni bozujylar däl-de, eýse agzalýan bazadaky söwdany kimleriň dolandyrýandygyna has köp üns berýäne meňzeýärler.

Resmi çäreler

Başda polisýa Moskwanyň Birýulýowo reýonynda ýerleşýän Pokrowskiý bazasynda 1200 migranty tussag etdi. Soň, ýurduň saglyk gözegçisi Gennadiý Onişenko bazanyň sanitar şertleriniň kada laýyk bolmanlygy sebäpli ýapylýandygyny yglan etdi, munuň üçin sud karar hem çykardy. Yz ýany Moskwanyň meri Sergeý Sobýanin 16-njy oktýabrda eden çykyşynda bazanyň ýapylan ýerinde saglyk kluby döredilse, has gowy boljakdygyny mälim etdi. Käbir habar serişdeleri munuň ýerinde söwda merkeziniň gurulmagynyň ähtimaldygy barada habar berdiler.

Şol bir wagtyň özünde-de, polisiýa Pokrowskiý bazasyna gözegçilik edýän kompaniýanyň ýolbaşçysy Magomed Çurilowy tussag etdi. Ol bikanun migrantlary iş bilen üpjün etmekde aýyplanýar. Polisiýa indi kompaniýanyň baş müdiri Alikşab Gajiýewi gözleýär.

Çurilowyň aklawçysy Asma Şamilowa bu wakalar tötänlik däl diýip pikir edýär. Şamilowa häkimiýetleriň migrantlara garşy çykyşlary bazanyň ýerleşýän ýerine eýe bolmak üçin ulanýandyklaryny aýdýar.

Bazar paýlaşmak

“Bu ykysady bazary paýlaşmagyň bir usuly diýip pikir edýärin. Häkimiýetler administratiw we maliýe gurallary ulanmak arkaly bazary arassalamaga we ol ýere täze eýeleri çekmäge çalyşýarlar. Bu syýasy derejedäki zalymlyk diýip hasap edýärin” diýip, aklawçy Şamilowa aýtdy.

Şeýle garaýyşlar soňky günlerde Orsýetiň habar serişdelerinde köp öňe sürülýär. Hususy eýeçilikdäki obýektleri kanun goraýjy güýçleriň gatnaşmagynda basyp almak Orsýetde giňden ýaýran tejribedir.

1980-nji ýylyň tomusky Olimpiadasynyň geçen döwründe açylan Pokrowskiý bazasy Moskwanyň iň uly bazarlarynyň biridi. Moskwanyň gök önümler bilen üpjünçiliginiň 70%-i hut şu bazanyň paýyna düşýärdi we ol territorial taýdan uly giňişligi tutýardy.

“Rosbalt” agentliginiň maglumatyna görä, bu bazanyň eýeleri köpden bäri basyşlara sezewar edilip gelinýär. Agentlik onuň ýapylmagyna sebäp bolan wakalaryň bilgeşleýin edilen bolmagynyň ähtimaldygy baradaky pikirleri öňe sürdi.

Bazanyň häzirki eýeleri Gajiýew we onuň dogany Igor Isaýew bu emläge 2007-nji ýylda, Moskwanyň şol wagtky meri Ýuriý Lužkowyň döwründe, eýe boldular. 2010-njy ýylda Lužkow häkimiýet başyndan çetleşdirilensoň, Pokrowskiý bazasynyň eýeleri syýasy goldawdan mahrum bolupdylar.
XS
SM
MD
LG