Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Grek polisiýasy çaganyň şahsyýetini anyklaýar


Grek polisiýasy Romalaryň lagerinde, öz maşgalasyndan bolmadyk adamlaryň arasynd ýaşaýan dört ýaşly gyzjagyzyň şahsyýetini kesgitlemek üçin halkara goldawyny almaga çalyşýar.

Polisiýa bu gyzjagazyň Farsala şäherinde tapylandygyny we onuň alnyp gaçylan bolmagynyň-da, doglan wagty ejesi tarapyndan taşlanan bolmagynyň-da ähtimaldygyny aýdýar.

Polisiýanyň beýanatynda bu gyzjagyzyň ak bedenlidigi, saçlarynyň sarydygy, gözleriniň gökdügi we hamala ene-atasy hökmünde bile ýaşaýan adamlaryna asla meňzemeýändigi aýdylýar.

Resmiler DNA barlagy onuň saklanýan maşagalasyndaky iki jübide hiç bir baglanyşygynyň ýokdugyny görkezdi diýýärler.

Ol är-aýal tussag edildi. Olaryň jenaýatda aýyplanmagy hem ahmal. Çaga bolsa çagalar sahawat öýüne ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG