Sepleriň elýeterliligi

Timoşenko üçin kanun taslandy


Ukrain deputaty türmä basylan ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko medisina bejergisi üçin daşary ýurda gitmäge rugsat berilmegi baradaky kanun taslamasyny parlamente tabşyrdy.

Bu kanun taslamasynda Timoşenkonyň bejergi alandan soň Ukraina dolanyp gelip, häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmak aýyplamasy esasynda berlen ýedi ýyl türme möhletiniň galan bölegini tussagda geçirmegi talap edilýär.

Kanun taslamasynyň teksti anna güni jemgyýetçilige aýan edildi. Ol ähli sud edilen jenaýatçylara degişli bolar. Kimiň daşary ýurtda saglyk bejergisini almaga degişlidigi we beýleki ähli şertler bolsa sud tarapyndan kesgitlener.

Parlamentiň spikeri Wolodimir Rybak bu taslamanyň indiki hepde ara alnyp maslahatlaşyljagyny aýtdy.

Timoşenkonyň 2011-nji ýylda sud edilip, türmä basylmagy köp babatda syýasy äheňli diýlip kabul edildi.

Ýewropa Bileleşigi Ukraina bilen Azat söwda şertnamasyna gol çekilmeginiň bir şertini Timoşenko meselesiniň çözülmegine baglady.

ÝB-niň iki wekili golaýda perzident Wiktor Ýanukowiçden Timoşenkonyň günäsiniň geçilmegini haýyş etdi.
XS
SM
MD
LG