Sepleriň elýeterliligi

Azeri prezidenti kasam kabul edýär


Ylham Alyýew Azerbaýjanyň üçünji möhlet prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Şenbede guralan dabara ýurduň parlamentinde bolup geçdi.

Resmi netijelere görä, Alyýew 9-njy oktýabrda geçen saýlawlarda sesleriň 85 prosentine golaýyny alyp, gaýtadan prezident saýlandy.

Birleşen oppozisiýanyň kandidaty Jamil Hasanly saýlawçylaryň 5 prosent çemesiniň sesini aldy.

ÝHHG guramasy bu saýlawyň düýpli kemçilikleriniň bolandygyny aýdyp, ony ýazgaryp çykyş etdi.

Emma Baku bu tankydy ret etdi we olara oppozisiýa tarapyndan bir taraply maglumatyň berlendigini aýtdy.

Alyýew 2003-nji ýyldan bäri Azerbaýjanyň prezidenti bolup işleýär, ol bu wezipä öz kakasynyň yzyndan, uzak wagtlyk dolandyryjy Haýdar Alyýew ýogalandan soň geçdi.
XS
SM
MD
LG