Sepleriň elýeterliligi

"Al-Kaýda" goşuljak amerikan tutuldy


Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri 25 ýaşyndaky amerikan raýatyny Ýemene gidip, arap ýarym adasyndaky jeňçi topara, «Al-Kaýda» goşulmagy planlaşdyranlygy üçin tussag etdiler.

Markoz Alonso Zea anna güni Nýu-Ýork ştatyndaky öýünde tussag edilenden soň, özüniň bigünädigini aýtdy. Ol daşary ýurtda adam öldürmek baradaky dildüwşikde, terrorçylara goldaw bermäge synanyşykda we adalatyň dabaralanmagyna päsgel bermekde aýyplandy.

Resmiler Zeanyň derňelýändigini bilenden soň, öz kompýuterindäki maglumatlary bozmaga çalşandygyny aýtdylar.

Birleşen Ştatlaryň prokurory Loretta Linç: "Birleşen Ştatlarda doglandygyna we kemala gelendigine garamazdan, Zeanyň öz ýurduna dönüklik edendigi, Ýemene gidip, terror gurmasyna goşulyp, adam öldürmekçi bolandygy aýdylýar» diýdi.
XS
SM
MD
LG