Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Rumyniýa bilen ylalaşyk baglaşdy


ABŞ NATO ýarany Rumyniýa bilen Gara deňiz howa bazasyny Owganystany terk edýän amerikan goşunlarynyň tranzit nokady hökmünde ulanmak barada ylalaşyk baglaşdy.

Bu şertnama astynda Birleşen Ştatlar öz uçuş operasiýalaryny Gyrgyzystandaky Manas tranzit merkezinden Rumyniýanyň Mihail Kogalniseanu howa bazasyna geçirer.

Birleşen Ştatlaryň Manasy ulanmak boýunça şertnamasynyň möhleti 2014-nji ýylyň iýulynda tamam bolýar.

Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary indiki ýylyň ahyryna çenli aglaba söweş goşunlaryny we enjamlaryny Owganystandan çykarmaga taýýarlanýar.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Heýgel anna güni Waşingtonda Rumyniýanyň daşary işler ministri Mirsea Dusa bilen gepleşik geçirdi.

Pentagonyň beýanatynda iki tarapyň Owganystana girýän we ol ýerden çykýan logistika, şol sanda ýük we adam gatnawyna goldaw bermek baradaky ylalaşygy jemländigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG