Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus aktiwisti türmeden çykdy


Belarusyň oppozisiýa aktiwisti Pawal Sewiarinets köpçülikleýin bidüzgünçiligi gurnany üçin berlen 3 ýyl tussaglygyny gutaryp, türmeden çykdy.

Belarusyň Hristian demokrtik partiýasynyň lideri şenbe güni irden azat edildi.

Ol Belarusda 2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda bolan prezident saýlawlaryndan soň guralan protest ýygnanyşyklaryna goşulan beýleki aktiwistler bilen bilelikde tussag edilipdi.

Sewiarinets oppozisiýa kandidatynyň kampaniýa menejeridi.

Şonda müňlerçe adam awtoritar prezident Aleksandr Lukaşenkonyň saýlawlary galplaşdyrandygyny aýdyp, proteste çykypdy.
XS
SM
MD
LG