Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Praýs: 'Diplomatiýa köpräk azatlyk berilmeli'


Kongresmen Deýwid Praýs Makedoniýada çykyş edýär.
Kongresmen Deýwid Praýs Makedoniýada çykyş edýär.
ABŞ-nyň kongresmeni Deýwid Praýs (David Price) (demokrat-Demirgazyk Karolina) 18-nji oktýabrda Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Pars gullugynyň (Farda radiosynyň) habarçysy Fred Petrossiansa Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň diplomatik gatnaşyklary we Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy sanksiýalary barada interwýu berdi.

Azatlyk Radiosy: «Foreign Policy» websaýtynda çap edilen bir makalada aýdylmagyna görä, "[ABŞ-nyň] prezidenti [Barak] Obmanyň adminstrasiýasy özüniň Eýran bilen alyp barýan täze ýadro gepleşiklerinde garaşylmadyk bir kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar, ýagny demokrat kanunçykaryjylar Ak tam bilen aralaryny kesip, Tährana garşy ulanylýan häzirki sanksiýalaryň ýatyrylmazlygy üçin elden gelen tagallany etjekdiklerini» açyk aýdypdyrlar. Siz Birleşen Ştatlaryň hökümetidir Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň arasynda Eýran babatda şeýle bölünişgiň bardygy bilen ylalaşýarsyňyzmy?

Deýwid Praýs: Men bu çaklanýan bölünişik baradaky makalany gördüm, men ol çişirilen diýip pikir edýärin. Ol ýerde şeksiz Eýran we onuň ýadro programmasy babatda örän alada galýan senatorlar topary bar, olar örän duýarlykly diplomatiki öňegidişlik alamatlary bolmasa, sanksiýalaryň gowşadylmagyna, diplomatik eglişikleriň edilmegine berk garşy çykýarlar. Onsoň ol ýerde gepleşiklerden çykjak netijeler babatda biz aşa optimist pikirlenýän bolaýmalyň diýen duýduryşlary edýänler hem az däl.

Emma men ýadro programmasy bilen baglylykda örän kesgitli ylalaşyga gelmek üçin sanksiýalaryň belli bir derejede gowşadylmagy babatda kimdir biri öňünden, görülmeli çäreler toplumy ol ýa-da beýleki görnüşde kabul ederlik bolmaly diýip jar edendir öýtmeýärin. Men, elbetde, senatorlaryň pozisiýasy sebäpli şeýle ylalaşygyň bolmagy mümkin däl diýerden entek ir diýen pikirde. Men edil bu bir meseledir öýtmeýärin.

Azatlyk Radiosy: Iýul aýynda kongresmen Çarlz Dent [respublikan-Pensilwaniýa] we siz prezident Obama Eýran meselesinde diplomatiýa eýermegi sorap hat ýazdyňyz, käbirleri ony «taryhy hat » diýip atlandyrdy. Onsoň ol hata 131 kongresmen gol çekdi. Siz soňky aýlarda bu iki ýurduň arasyndaky diplomatiýanyň depginine nähili baha berýärsiňiz?

Deýwid Praýs: Hawa, ol hat syýasy adanyň iki tarapy, demokratlar we respublikanlar tarapyndan gowy kabul edildi, özem biz hakykatda demokratlaryň ýapyk ýygnagynda bu hata ýarpydan-da köp agzanyň gol çekmegini gazandyk. Bu hatda ýönekeýje bir zat aýdylýardy, ýagny Eýranda ýolbaşçylygyň çalşylmagy we täze prezidentiň [Hassan Rohani] Günbatar bilen gatnaşyklary täzeden başlamak islegi bilen bagly biz ol ýerde bolup biljek mümkinçilikleri synap görmeli diýilýärdi. Biz bu ýerde öz garaşýan zatlarymyzda ýöntem bolmaly däl, biz munuň hiç bir netije bermezliginiň hem ahmaldygyna düşünmeli. Emma şol bir wagtda muny synap görmezlik, mümkinçilikleriň näme bolup biljegini görmezlik hem örän çynlakaý ýalňyşlyk bolar.

Mende prezidentiň syýasaty babatda dörän täsire görä, prezidentiň nazarlaýan diplomatiki tagallalary hut biziň hem pikir-düşünjämizde bar bolan zatlar. Bizem hut şolar ýaly şekildäki herekete hyjuwlandyrjak bolup synanyşýardyk. Elbetde, munuň nähili möçberde boljagyny bilerden entek gaty ir. Emma biz Kapitol belentliginde adminstrasiýanyň muny nazara almagyna itergi berýän bir klimat döredip bildik.

Deýwid Praýs: Kongresiň agzalary bu mesele boýunça kämahal bürgütler hökmünde häsiýetlendirilýär, olar diplomatiýanyň mümkinçiligi babatda örän pessimist we köplenç sanksiýa üstüne sanksiýa girizmegiň tarapynda çykyş edýärler. Men biziň hatymyz, köpimiz geçmişde sanksiýalary goldan hem bolsak, olar möhüm gural bolar diýip düşünen hem bolsak, biziň olara şindi hem bir gural hökmünde seredýändigimizi görkezdi diýip pikir edýärin. Ideýa, pikir diňe bir ýurda sanksiýa girizmekde ýa diňe jeza, temmi bermekde däl. Ideýa diplomatik ylalaşyk üçin güýçli stimulyň döräp biljek ýagdaýyny, şertlerini döretmekde, bu ýerde ahyrky maksat şu bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Birleşen Ştatlaryň Kongresi häzirki sanksiýalary ýa-da olaryň bir bölegini aýyrmak üçin Eýrandan nähili anyk konsessiýalara, eglişiklere garaşýar?

Deýwid Praýs: Meniň pikirimçe, biziň hiç birimiz edil häzir, nazarda tutulýan sanksiýalaryň möçberi nukdaý nazardan, haýsy anyk eglişikleriň ýa-da nähili stimullaryň gazanylmaga çalşylyp bilinjegi baradaky jikme-jikliklere girmek durumynda däl. Bu diňe muny planlaşdyryp biljek diplomatlaryň garaşjak jikme-jiklik derejesi. Meniň pikirimçe, biz bu ýerde ahyr netijede Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinip bilmek mümkinçiligini aradan aýyrmak barada gürrüň edýäris, onsoň biz bu ýerde utgaşykly syýasatlara ýüzlenip, şeýle ýarag ýasamak ukybynyň bozulmagy, bu hili işiň ýa-da ýarag ýasamak aktiwliginiň ýokdugynyň halkara wekilçiliginiň gatnaşygy arkaly tassyklanmagy barada ylalaşyk gazanmaga çalyşýarys.

Meniň pikirimçe, gürrüňi edilýän çözgütleriň aglabasynda şu hili çäreleriň utgaşmasy bolar. Emma olaryň edil nähili yzygiderlilikde we sanksiýalar babatda alnanda we başgalarda nähili möçberlerde boljagy barada jikme-jik bir zat aýdyp bolmaz. Şu aralykdan beýle derejedäki jikme-jiklige ne men girip bilerin, ne-de başga birleri girip biler.

Azatlyk Radiosy: [Ýadro] gepleşiklerinden soň birnäçe senator Eýran sanksiýalaryny artdyrmagyň çäresini agtarýar. Siz häzirki pursatda Eýrana garşy täze sanksiýalaryň girizilmegi ähli diplomatiki inisiatiwalary öldürip biler öýtmeýärsiňizmi?

Deýwid Praýs: Men beýle bolmaz diýip umyt edýärin. Men muny Wekiller öýünde hut şu pursatda täze sanksiýalar tapgyryna garşy ses berip aýdýaryn. Bu ses berişlikde men azlykda bolum. Hakykatda, täze sanksiýalar tapgyryny girizmek baradaky kanun taslamasy Wekiller öýünde sesleriň aglaba köplügi bilen geçirildi. Senat bu kanun taslamasyna seretmegi soňa goýdy, emma ol oňa gaýtadan dolanyp hem biler.

Elbetde, ol ýerde täze sanksiýalar tapgyrynyň girizilmegini öňe sürýän käbir senatorlar bar. Meniň öz gelýän netijäme görä, häzir munuň wagty däl, bu kanuny saklamak, ýagny togtatmak ýa soňa goýmak has ýerlikli bolardy. Biziň häzir bir topar hereket edýän sanksiýamyz bar, olaryň Eýranyň hökümetine täsir ýetirýändigi her tarapdan görnüp dur.

Täze sanksiýalr tapgyryny girizmek zerurlygynyň hem wagty gelip biler, emma meniň öz ynanžyma görä, bu häzir beýle edilmese, diplomatiýa köpräk azatlyk berilse gowy bolar. Şuny aýdýan-da bolsam, men bu kanun taslamasynyň geçirilmegi diplomatiýany çagşadar ýa diplomatiýany öldürer diýip pikir etmeýärin, beýle bolmaz diýip umyt edýärin.
XS
SM
MD
LG