Sepleriň elýeterliligi

Bir britan boşady, 3-si tussag


Britan polisiýasy bir hepde ozal Londonda terrora garşy operasiýada tussag eden dört erkeginiň birini azatlyga goýberdi.

29 ýaşyndaky pakistan asylly britan 13-nji oktýabrda geçirilen reýd mahalynda tutulypdy.

Şonda polisiýa London Minarasynyň ýanynda bir maşynyň tekerlerinden hem atypdy. Ol hiç hili aýyp bildirmezden azat edildi.

Beýleki üç tussag goýberilmedi. Olar azeri asylly 28 ýaşly britandan we 25 ýaşyndaky iki britandan ybarat. Bularyň biri türk, beýlekisi alžir asylly.

Olar terror hereketlerine taýýarlyk işlerinde güman edilýär.

BBC olaryň çynlakaý jihadçylyk dildüwşiginde aýyplanýandygyny, bu işiň içinde ok atýan ýaraglaryň hem bardygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG