Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: ýalňyş boşan 2 tussag tutuldy


Floridanyň polisiýasy galplaşdyrylan dokumentler sebäpli ýalňyşlyk bilen türmeden boşadylan iki ganhory gaýtadan ele saldy.

Häkimiýetler 34 ýaşyndaky iki erkegiň şenbe agşamy, hiç bir hadysasyz, Panama şäherindäki motelde tutulandygyny aýtdylar.

Şondan biraz öň ol tussaglaryň maşgala agzalary metbugat ýygnagynda çykyş edip, olaryň özlerini polisiýa tabşyrmaklaryny haýyş edipdiler.

Olaryň ikisem adam öldürendigi üçin ömürlik tussaglyga höküm edilip, Franklin düzediş edarasynda saklanýardy.

Emma olar soňky hepdelerde dokument galplaşdyrmalary, şol sanda sudýanyň goluny galplaşdyrmak, türme resmileriniň aldawa salynmagy esasynda azatlyga çykdy.

Häzir ol galp, ýöne çyn ýaly görünýän dokumentleriň kim tarapyndan ýasalandygyny anyklamak üçin derňew geçirilýär.
XS
SM
MD
LG