Sepleriň elýeterliligi

Saudlylar BMG-ä çagyrylýar


BMG-däki arap wekilleri Saud Arabystanyny BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki wagtlaýyn orny almazlyk baradaky kararyny üýtgetmäge çagyrdylar.

Arap toparynyň beýanatynda patyşalygyň Howpsuzlyk geňeşindäki ornuny alyp, Saud Arabystanynyň arap meseleleriniň çözgüdindäki batyrgaý roluny dowam etdirmegine çagyrylýar.

Saud Arabystany penşenbe güni geçirilen ses berişlikde Howpsuzlyk geňeşinde iki ýyllyk orun utdy. Emma bu ýurt ertesi güni utan ornuny almakdan ýüz öwrüp, diplomatiýa dünýänisini haýran etdi.

Saudlylar bu ýagdaýy Howpsuzlyk geňeşiniň Siriýa urşy we beýleki Ýakyn Gündogar meselelerinde hereket etmegi başarmazlygy bilen düşündirdiler.

Mundan ozal Howpsuzlyk geňeşi tarapyndan seçilip, özüne berlen orny almadyk ýurt bolmandy.

Saudlylar Siriýadaky pitneçileri goldaýarlar.
XS
SM
MD
LG