Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Masgarabaz' hojaýyny öldürdi


Meksikanyň häkimiýetleri ýaragly bir adamyň masgarabaz eşigini geýip, ýurduň neşe gaçakçylygynda ýakasyny tanadan bir maşgalasynyň ýaşulusyny atyp öldürendigini aýdýarlar.

Resmiler 63 ýaşly Fransisko Rafaýel Arrellano Feliksiň maşgala üýşmeleňinde kellesinden atylyp öldürilendigini aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, onuň öldürilmeginiň sebäbi bada-bat belli bolmandyr.

Bu maşgala 1990-njy ýyllarda Meksika bilen Kaliforniýanyň arasyndaky neşe gaçaklygyna agalyk eden Tijuna kartelini işledipdir.

Emma maşgala agzalaryynň köpüsiniň tutulmagy ýa öldürilmegi netijesinde bu maşgalanyň täsiri peselipdir.

Arrellono Feliks neşe topary doly güýjünde işleýän wagty türmede eken.

Ol 2008-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň türmesinden goýberilipdi.
XS
SM
MD
LG