Sepleriň elýeterliligi

Awstraliýa ýangyndan howatyrlanýar


Awstraliýanyň ýangyna garşy göreşýän gulluklary ýurduň günortasyndaky New South Wales ştatanyň uly tokaý ýangynynyň turmak howpy bilen ýüzbe-ýüz durandygyny duýdurýarlar.

Ýekşenbe güni berlen duýduryşda maýyl howanyň we güýçli ýeliň bileleşip, soňky kyrk ýylda görülmedik erbet ýangyny döretmeginiň mümkindigi aýdylýar.

Bu sebitde şu hepdäniň başynda turan tokaý ýangynlary ýüzlerçe jaýy weýran etdi.

Sidniniň günbataryndaky Gök daglar sebiti iň erbet zyýan gören region hasaplanýar.

Awstraliýada tomus aýlary tokaýlardyr jeňňelleriň ot almagy adaty bir zat hasaplanýar we bu ýagdaý dekabrdan fewrala çenli aralygy öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG