Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow atçylyk üçin baýrak berdi


Aşgabatda atlara dikilen heýkel.
Aşgabatda atlara dikilen heýkel.
Türkmenistanyň prezidenti ýurtda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge saldamly goşant goşanlara özüniň Haýyr-sahawat gaznasyndan 153 müň amerikan dollaryny eçildi.

Türkmen telewideniýesi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň işgärlerini we at üstünde milli oýunlary ýerine ýetirýän «Galkynyş» toparynyň agzalaryny sylaglamak baradaky karara gol çekendigini habar berýär.

Prezidentiň kararynda ýurtda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy, bu ugurda gazanylýan üstünliklere ýurduň sirk sungatynyň ussatlarynyň hem-de at üstünde milli oýunlary ýerine ýetirýän «Galkynyş» toparynyň agzalarynyň uly goşant goşýandygy nygtalýar.

«Sirk sungatanyň we atçylyk sportunyň ussatlary daşary ýurtlarda çykyş edip, uly abraýa eýe bolýarlar. Olar ýakynda Moskwada Sirk sungatynyň bütindünýä festiwalynda çykyş edip, örän uly üstünlik gazandylar» diýip, kararda bellenilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanda sirk sungatyny we atçylyk sportuny ösdürmekde bitiren hyzmatlary, ahal-teke bedewleriniň şan-şöhratyny ýokary götermekde netijeli işleri alyp barýandyklary hem-de at üstündäki milli oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýändikleri üçin, jemi on alty raýat Türkmenistanyň altyn zynjyry we pul baýraklary bilen sylaglandy.

Sylaglananlaryň atlary metbugatda çap edilýär, olaryň 15-sine prezidentiň altyn zynjyry we 10 müň amerikan dollary, birine altyn zynjyr bilen 3 müň amerikan dollary baýrak berlipdir.

Sylag berlen 153 müň dollaryň Türkmenistanyň prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan tölenmeli edilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG