Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyplar bilen Migrasiýa gullugynyň "söhbetdeşligi"


Türkiýede okaýan türkmen studentleri
Türkiýede okaýan türkmen studentleri
Tomusky dynç alyşlar tamamlandy. Her ýyl bolşy ýaly bu ýyl hem dynç alyşyny Türkmenistanda geçiren talyplaryň uly bir bölegi dürli tejribeleri başdan geçirip yzlaryna, ýagny daşary ýurtlarda okaýan okuw jaýlaryna dolandylar.

Şol tejribelerden belkem iň ýatda galjagy MHM-niň ýa-da bolmasa Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň dynç alyşda Türkmenistana dolanan okuwçylar bilen geçirýän "söhbetdeşlikleri" bolsa gerek.

Bize gowuşýan maglumatlara görä, şeýle "söhbetdeşlikler" daşary ýurtlarda okaýan ähli talyplar bilen däl, olaryň arasyndan saýlanyp alnan okuwçylar bilen geçirilýär.

Okuwçylar nämä görä saýlanýar? Resmiler bu barada dil ýarmaýar, hat-da okuwçylar bilen söhbetdeşlik geçirilýändigi hem resmi taýdan ykrar edilmeýär. Emma şeýle "söhbetdeşliklerde" nämä üns berilýär? Näme barada gürrüň edilýär? Bu tejribe talyplarda nähili täsir galdyrýar?

Ýaşlar gepleşigimiziň nobatdaky tapgyrynda şol "söhbetdeşliklere" talyplaryň garaýyşlary, bu çäräniň olarda galdyrýan täsirleri hakda gürrüň etmekçi. Gepleşigimize siz hem goşulyň, pikiriňizi şu forumda ýa-da hat@azatradio.org-a hat iberip galdyryp bilersiniz. Eger geplesigimize gatnaşmak isleseňiz ynha Skype salygymyz: azatlykradiosy. Sizden habara garaşýarys.
XS
SM
MD
LG