Sepleriň elýeterliligi

“Ýaşulular geňeş etse...”


Ýaşlar bilen gürleşip duran ýaşuly

Ýaşlar bilen gürleşip duran ýaşuly

Türkmenistanda her ýyl ýaşulularyň geňeş etmegi, ýagny döwlet derejesinde Ýaşulular maslahatynyň geçirilmegi indi adata öwrüldi.

Bu gezekki Ýaşulular maslahaty Daşoguzda geçirilýär.

Prezident G.Berdimuhamedowyň gol çeken kararynda aýdylmagyna görä, bu maslahat ýurduň durmuşyna degişli möhüm meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmak arkaly, il-halkyň jebisligini we agzybirligini berkitmekde ýaşulularyň durmuş tejribelerinden we paýhasly ýörelgelerinden netijeli peýdalanmak maksady bilen geçirilýär.

Ýöne bu maslahatlarda ýönekeý adamlaryň durmuş-ýaşaýşyna dahylly möhüm meseleleriň gozgalmaýandygyny, olaryň diňe gazanylan ýa gazanyldy diýilýän üstünlikleri nygtamak üçin guralýan şowhun-dabara öwrülendigini, ýurdy yza çekýändigini aýdýanlar-da bar.

Eýsem bu maslahat, oňa gatnaşýan ýaşulular, onda edilýän gürrüňler, gozgalýan ýa gozgalmaýan meseleler, aslynda şeýle däbiň jemgyýetde oýnaýan roly barada kim näme pikir edýär?

Eger hakykatdanam ýaşulularyň durmuş tejribesi, paýhasly ýörelgeleri il abadançylygyna hyzmat etdiriljek bolsa, bu maslahat nähili gäçirilmeli, onda nähili gürrüň edilmeli we kimler gürrüň etmeli?

Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar.

Söhbete goşulyp, pikirleriňizi aýtmagyňyza garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG