Sepleriň elýeterliligi

9 liwanly, 2 türk zamunlykdan boşady


Azat edilen 9 liwanlynyň biriniň Beýrutda maşgalasyna gowuşýan pursaty.

Azat edilen 9 liwanlynyň biriniň Beýrutda maşgalasyna gowuşýan pursaty.

Siriýa pitneçileri tarapyndan 17 aý zamunlykda saklanan dokuz liwanly, azat edilenlerinden soň, şenbe güni giçlik Beýruta, öýlerine uçdy.

Bu dokuz adam Türk howa ýollarynyň iki pilotynyň boşadylmak şerti astynda azat edildi. Ol pilotlar awgustda, liwanly şaýylaryň alnyp gaçylmagyna jogap hökmünde, Liwanda tutulyp saklanypdy. Pilotlar Türkiýä şenbe güni dolanyp bardylar.

Habarlarda aýdylmagyna görä, bu ylalaşyga gelinmegi baradaky gepleşikler katarly araçylaryň gatnaşmagynda guralypdyr. Ylalaşygyň çäginde Siriýanyň hökümetiniň öz bendihanalarynda oturan onlarça tussagy azat etjegi çaklanypdy. Ylalaşygyň bu böleginiň berjaý edilip-edilmändigi bada-bat aýdyň bolmady.

Liwanyň döwlet eýeçiligindäki mediasy dokuz liwanlynyň Eýrandaky zyýarat planlary bilen baglylykda, Siriýanyň içinden geçip barýarkalar, 2012-nji ýylyň maýynda alnyp gaçylandygyny aýtdy.

Siriýanyň pitneçileri olary «Hizbolla» milisiýasynyň şaýy söweşijileri bolmakda we prezident Başar al-Assadyň režimini goldamakda aýypladylar. «Hizbolla» söweşijileri şu ýyl pitneçilere garşy söweşýän hökümet güýçlerine gelip goşuldylar.

Şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky Eýran we «Hizbolla» pitneçilere garşy uruşda Alawitler mezhebinden bolan Assadyň ýolbaşçylygyndaky hökümeti goldaýarlar. Siriýada režime garşy göreşýän gozgalaňçylar köplenç ýagdaýda sünni Türkiýe we Saud Arabystany tarapyndan goldanýar.

Konfliktiň ýaýrawy

Synçylar bu zamun çalşygy iki ýarym ýyllyk Siriýa konfliktiniň, mezhep elementlerine eýe bolmak bilen, goňşulykdaky ýurtlara barha kän täsir ýetirýändigini görkezdi diýýärler.

Dokuz liwanly Kataryň uçarynda Beýrutyň halkara uçar meýdanyna gelip gonanda, Liwanyň hökümet resmileri, ruhanylar, ýüzlerçe watandaşlary olary şowhun bilen garşy aldylar.

Ozalky zamunlaryň saglyk ýagdaýlary gowy görünýär. Olardan biri, öz gören gögülerine garamazdan, ahyrynda ýurduna ýeňiş bilen dolanyp gelenine, ýakynlaryna, ene-atasyna gowşanyna alla şükürler edýändigini aýtdy.

Türkiýäniň howa ýollarynyň azat edilen pilotlary Stambuldaky uçar meýdanynda premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan we beýleki resmiler tarapyndan garşy alyndy.

Akpinar žurnalistlere özlerine ýaramaz daraşylmandygyny, gazaply çemeleşilmändigini, dil ýa el zorlugyna sezewar edilmändiklerini gürrüň berdi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu pilotlaryň azat edilmegi NATO agzasy bolan Türkiýäniň regional ähmiýetini görkezdi diýdi.
XS
SM
MD
LG