Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Ölümden Çingiz-de gorkýar


Ukrain syýasy karikatura

Ukrain syýasy karikatura

Çynar agajy

Çeper döredijiligiň başlangyç möwrütinde özüňden öňdäki edebi nesle öýkünip eser ýazmak ähli başlangyç awtora mahsus zat. Biziň edebi neslimiz XX asyryň 60-njy—70-nji ýyllarynyň sepgidinde edebiýat meýdanyna geldi.

Şol döwür ölüm hakynda goşgy ýazmak diňe türkmen edebiýatynda däl, Bütinsoýuz edebiýatda-da ýoň bolan zatdy. Atamyrat Atabaýew Resul Gamzatyň goşgularyndaky pikiri gyryp-çyryp edip (öz adyna geçirip): Ölsem meni jaýlaň çynar astynda -diýen setir bilen başlanýan goşgy ýazdy. Şondan 10-12 ýyl soňra oňa Bamako köçesinde salynan jaýdan kwartira berdiler. Ol döwürde Aşgabatda çynar agajy köp ekilýärdi.

Atamyradyň ýaşaýan jaýynyň gündogarynda häzir “100 fontan” ady bilen tanalýan seýilbagyň düýbi tutulyp, ol ýerde köp sanly çynar nahaly oturdyldy. Bir gezek Nobatguly Rejebow, men hem-de Atamyrat üçümiz onuň öýüne myhmançylyga barýardyk. Ýolumyz seýilbagyň üstünden düşdi. Atamyrat ýaňy boý alyp ugran çynarlara elini salgap:

-Beý, şäher ýolbaşçylarynyň bir zada uçugy düşse, ony sypdyrmaýar. Şäheriň ähli ýerine şu agajy ekdiler. Tanaýaňyzmy, şu agaç haýsy agaç? -diýip, nägilelik bilen hüňürdedi. Aşygy alçy gopan Nobatguly hezil edip gülüp durşuna “Şu agajy özüň tanaýarmyň?” diýip, Atamyrada sowal berdi. “Ýok” diýen jogaby eşidip:

-Bu seniň “Ölsem meni jaýlaň çynar astynda” diyip, wesýet eden çynar agajyň. Hökümet- partiýa sag bolsun, seni şäheriň islendik ýerinde jaýlabermeli. Ýöne tanamaýan agajyň saýasynda rahat ýatarmyň? -diýdi. Atamyrat bu söze aljyramady. Ol:

-Ikiňiz iň golaý dostlarym. Ölemde ikiňiz meni jaýlarsyňyz. Ýöne Agrar (Nobatgula deň-duş galamdaşlarynyň dakan ady) sen Pendi çölünden gelen, Begler begi (deň-duş galamdaşlarymyň adymy tutuşy) sen Garagum çölünden gelen. Düýe, goýundan başga tanaýan zadyňyz ýok. Çynary tanaman, başga agajyň astynda jaýlarsyňyz diýen gorky bilen, çynary tanadaýyn-diýip, ýaňky sowaly berdim -diýdi.

Ölümden Çingiz-de gorkýar

SSSR zamanasynda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligine uly üns berilýärdi. Her ýyl ýaş ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligine bagyşlap, seminar-maslahatlar, poeziýa festiwallary geçirilýärdi. Oňa öz ýaşaýan regionynda adygan, Bütinsoýuz edebiýatda göze ilip ugran ýaşlar gatnaşardy.

XX asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda Moskwada nobatdaky seminar-maslahat geçirildi. Oňa SSSR-iň dürli regionyndan gelen 100-e golaý ýaş ýazyjy-şahyr gatnaşýardy. Öň şeýle seminarlara, festiwallara bile gatnaşanymyz üçin köpümiz birek-biregi oňat tanaýardyk. Seminaryň 1-nji iş güni tamam boldy.

Agşamara köne tanyşlar: çeçen Zelimhan Ýanderbeýow (Ol soňra Çeçenistanyň prezidenti boldy. Katarda terror hüjüminde wepat boldy), azeri Çingiz Alyogly hem-de men üçümiz seminara gatnaşýan ýazyjy-şahyr gelin-gyzlaryň otagyna myhmançylyga gitdik. Çingiz Alyogly “Çingiz diýen at beýikligiň simwolydyr. Hanlardan Çingiz han, kyssaçylardan Çingiz Aýtmat äleme meşhurdyr.

Ine, görersiňiz, ýene-de iki-üç ýyldan şahyr Çingiz Alyoglunyň-meniň adym-da dünýä dolar. Şonda “Çingiz Alyogly bilen ençeme seminar-festiwala bile gatnaşdyk” diýip, öwünersiňiz” diýip, özüni asmandan asyp öwünýärdi. Çingiziň gomparmasyna Zelimhanyň gahary gelip, 2-3 sapar “Bes et, beýle-de bir öwünmek bolarmy?” diýip, onuň sözüni kesdi.

Zelimhanyň gulagyna çawuş çakyp “Gaharlanma, bu güplemesi üçin Çingize ahmyr etdirerin” diýdim. Gijäniň ýary gelin-gyzlaryň ýanyndan gaýtdyk. Üçümiz otelde duldegşir goňşy otaglarda ýaşaýardyk. Hoşlaşjak wagtymyz Çingiz Alyoglundan “Näçe ýaşyňda?” diýip soradym. Ol “Otuz” diýdi. “Çingiz, deňsiz-taýsyz şahyrdygyňa ynanýan. Ýöne ýadyňda sakla, geniler (taýsyz zehinliler) ir ölýär.

Lermontowyň, Baýronyň, Ýeseniniň ýaşan ýaşyny ýadyňa sal!” diýdim. Aradan 1 sagat çemesi wagt geçdi. Ýaşaýan otagymyň gapysy kakyldy. Gapyny açsam, aljyraňňy hala düşen Zelimhan durdy. Ol “Ýaňy Çingiz “Ýaramok” diýip jaň etdi. Ýagdaýy dogurdanam erbet. Ýör, baryp gör, belki, “Tiz kömegi” çagyrys” diýdi. Çingiziň haly teňdi. Ol içinden tutýan agyra çydaman zaryn uňleýärdi. Çingiz hyk-çok edip, iňläp, az-kem özüni dürsedi. Iňňildä goşup:

-Siz bilen hoşlaşyp, ýerime geçip ýatdym. Amanmyradyň “Geniler ir ölýär” diýeni ýadyma düşdi. Soňra içimden şu agyry tutdy. Ölesim gelenok. Men geniý däl. Zelimhan, Amanmyrat siz geniý. “Çingiz Alyogly geniý däl, biz geniý” diýiň, belki, bu agyry aýrylar -diýip, çyny bilen ýalbardy.

Toplan, taraşlan Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG