Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Baku: GB goşulmagy meýilleşdirmeýär


Azerbaýjan Russiýanyň liderligindäki “Gümrük Bileleşigine” goşulmagy meýilleşdirmeýändigini aýtdy. Duşenbe güni Bakuwda Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Araz Azimow žurnalistlere “bir taraplaýyn struktura” goşulmak ýurda hiç hili üstünlik getirmez diýdi.

Geçen aý Azerbaýjanyň goňşusy we uzak wagtdan bäri duşmany Ermenistan Gümrük bileleşigine goşulmak baradaky niýetini mälim edipdi. Gümrük bileleşigi Russiýany, Belarusy we Gazagystany öz içine alýar.

Şonda Ýewropa Bileleşiginiň giňelmek boýunça komissary Stefan Fuele Ýerewanyň iki bileleşigede bir wagtda agza bolup bilmejekdigini belläp, noýabr aýynda Wilniusda geçiriljek sammitde Ýerewanyň Assosiasiýa bileleşigine gol goýup bilmejekdigini aýdypdy.

Öňki sowet respublikalarynyň Gümrük bileleşigine goşulmagy üçin basyş edýän Moskwa bolsa 2015-nji ýyldan başlap bileleşigiň Ýewraziýa ykdysady bileleşigine ýaýrajakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG