Sepleriň elýeterliligi

Duma Kanun taslama gaýtadan sereder


Russiýada gomoseksual maşgalalardan çagalaryň alynmagy bilen bagly kanun taslama Döwlet Dumasynyň gün tertibinden aýryldy.

Deputat Alekseý Žurawlýow häkimiýet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň kanun taslamasyna üýtgeşmeler girizenden soň, onuň täzeden ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Ol goşmaça maglumat bermedi.

Gürrüňi edilýän kanun taslamasy geçen aý Döwlet Dumasyna iberilipdi. Mundan ozal Russiýanyň Döwlet Dumasynyň maşgala, aýal we çagalar komitetiniň başlygy Ýelena Mizulina teklip edilen kanun taslamasynyň kabul ediljege meňzemeýändigini aýdypdy. Ol muny maşgala agzalarynyň gomoseksualdygyny anyklamagyň mümkin bolmajakdygy bilen düşündiripdi.

Russiýa şu ýylyň başynda “ýetginjek ýaşyna ýetmedikleriň arasynda däp bolmadyk jynsy gatnaşyklaryň propagandasyny gadagan edýän” jedelli kanuny kabul etmegi bilen tankyt edilýär.
XS
SM
MD
LG