Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Netanýahu: Eýrana basyş artdyrylmaly


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Eýranyň dawaly ýadro programmasy barada Tährana halkara basyşy güýçlendirmäge çagyryş etdi.

Netanýahu ýekşenbe güni geçiren hökümet maslahatynda “Sözüň ýerine herekete geçilýänçä halkara basyşlar öňküligine galmaly” diýdi. Şeýle-de ol: “Bu basyşlar Eýranyň harby ýadro programmasyny togtatmaga mümkinçilikleri artdyrmak üçin güýçlendirilmelidir” diýdi.

Tähran ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini nygtap gelýär.

Netanýahunyň eden bu çykyşy Birleşen Ştatlaryň resmileriniň Eýranyň eden teklibine jogap hökmünde Tährana garşy goýlan sanksiýalary ýeňilleşdirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagynyň yzýanyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG