Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Ýolagçy otlusyna hüjüm edildi


Pakistanyň günorta-günbataryndaky ýolagçy otlusynda bombanyň partladylmagy netijesinde azyndan bäş adam öldi we başga-da 17 sanysy ýaralandy.

Duşenbe güni ýurduň günorta-günbataryndaky durnuksyz Bulujystan welaýat resmileriniň beren maglumatyna görä, bomba Nasirabat etrabyndaky otly ýoluna ýerleşdirilene çalym edýär.

Wakanyň bolan pursaty “Jaffar Express” diýilip atlandyrylýan bu otly demirgazyk-günbatardaky Rawalpindi şäherinden Bulujystanyň paýtagt şäheri Kwetta ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirýärdi. Gürrüňi edilýän partlamanyň netijesinde otly ýoldan çykypdyr.

Ägirt çöl regiony bolan Bulujystan welaýaty separatist gozgalaňçylardan, mezhebara ýowuzlyklardan we gödek harby basyşlardan ejir çekýär.

1947-nji ýylda Pakistan esaslandyrylany bäri buluç söweşijileri ençeme gozgalaňy geçirdiler. Olaryň iň soňkysy 2004-nji ýylda bolup geçipdi. Şonda buluç söweşijileri hökümetden syýasy awtonomiýa we regionyň girdeji çeşmesi bolan nebit, gaz we mineral resurslarynyň kontrollygyny talap edipdiler.
XS
SM
MD
LG