Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Kilisede üç adam öldürildi


Müsüriň paýtagty Kairdäki Koptik hristian kilisesiniň daşynda nämälim şahsyň ýaragdan ot açmagy netijesinde üç adam öldi. Bu barada Müsüriň resmileri habar berýär.

Ýekşenbe güni giçlik bolan bu wakada pida bolanlaryň biri sekiz ýaşyndaky gyzjagazdyr. Şeýle-de, wakada başga-da azyndan dokuz adam ýaralandy.

Ýaragly adam kilisedäki toýdan çykyp barýan adamlary nyşana alypdyr. Polisiýanyň metbugat wekili ýoluň ugrundan geçip barýan motorsikletli iki hüjümçiniň ot açandygyny habar berýär.

Müsüriň ilatynyň 6-10% aralygyny koptik hristianlary düzýär.

Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasy şu aýyň başynda ýaýradan raportynda howpsuzlyk güýçleriniň harby basyşlar döwründe hristianlara garşy edilýän “ar-alyş hüjümleri” bes etmekde üstünliksizdigini aýdyp, olary tankyt edipdi.

Gürrüňi edilýän harby basyşlar döwri yslamçy prezident Muhammad Morsiniň iýul aýynda häkimiýetden çetleşdirilmeginiň yzýany başlapdy.
XS
SM
MD
LG