Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň energiýa täsiri howp astynda


Slans gazyny öndürýän desga, Polşa.

Slans gazyny öndürýän desga, Polşa.

ABŞ şu ýylyň aýagyna çenli dünýäniň iň uly nebit-gaz öndürijisi bolan Orsýetden öňe saýlanmakçy bolýar. Bu ýagdaý dünýäde energiýa pudagynyň tiz özgermegine degişli pursatlaryň diňe biridir. AÝ/AR Moskwanyň öňünde duran kynçylyklara we mümkinçiliklere syn edýär.

Polşanyň Swinousýe şäherinde indiki ýylyň aýagyna çenli suwuklandyrylan gaz üçin täze terminalyň gurulmagy planlaşdyrylýar.

Bu ýerden Gündogarda, üç müň kilometr uzaklykda, Hytaýyň prezidenti Hi Jinping Merkezi Aziýanyň gaz öndürýän ýurtlary Türkmenistan, Özbegistan hem Gazagystan bilen, şeýle-de tranzit edýän Gyrgyzystan bilen milliardlarça dollarlyk ylalaşyk baglaşdy.

Bu iki waka onlarça ýylyň dowamynda Orsýetiň öňe saýlanmagynda alnyp barlan energiýa söwdasynda özgerişligiň emele gelendigini görkezýär. Bu ýagdaý Orsýetiň energiýa we ykdysady kuwwatyna öz täsirini ýetirýär.

Orsýetiň iki sany esasy energiýa kompaniýasy bolan “Gazpromuň” we “Rosneftiň” Kaspiý regionynyň energiýa öndürijileriniň hem bu energiýanyň Ýewropadaky hyrydarlarynyň arasynda öz düzgünlerini ýöretmekden ybarat biznes usullary-da hemmetaraplaýyn gowşap barýar.

Özgerişlik

Waşingtonyň “Woodrow Wilson” merkeziniň Ýewropanyň energiýa howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça geňeşçisi Aleksandros Petersen Orsýet üçin esasy öwrülişikleriň entek öňdedigini aýdýar.

Aleksandros Peterseniň bellemegine görä, indiki 10-20 ýylyň dowamynda garaşylýan global özgerişlikler geçen döwürlerden has tapawutlanar.

Orsýetiň global energiýa pudagyndaky roly henize çenli ululygyna galýar. Ol Ýewropanyň gaza bolan mätäçliginiň 30%-ni üpjün edýär.

Muňa garamazdan, bu ýurduň pozisiýasy, ozalkysy ýaly, onçakly durnukly däl.

Londonda ýerleşýän “Chatam House” institutynyň Orsýet we Ýewraziýa boýunça programmasynyň ylmy işgäri John Lough Orsýetiň soňky 20 ýylyň dowamynda nebit-gazyň söwdasyndan alan girdejileriniň hasabyna ýaşandygyny aýdýar. Bilermeniň bellemegine görä, bu önümçilik, esasan, sowet döwründe ýatyrylan maýa goýumlarynyň hasabyna amala aşyryldy. Indi bolsa öňümçiligiň möçberi azalyp barýar.

Öndürijiler we hyrydarlar

ABŞ-nyň Energiýa departamentiniň şu ýyl mälim etmegine görä, Birleşen Ştatlar ýokary tehnologiýalary ulanyp, slans ýataklaryny özleşdirmek we nebit-gaz önümçiligini ösdürmek arkaly 2013-nji ýylda Orsýetden öňe saýlanyp biler.

ABŞ satyn alýan gazynyň mukdarynyň üçden bir bölegini eýýäm azaltdy, satyn alýan nebitini hem 15% kemeltdi.

Slanes gazynyň önümçilik tehnologiýalarynyň ösüşi gazy demir ýol we gämiler arkaly bir ýurtdan beýleki ýurda aşyrmaga mümkinçilik döretdi, bu bolsa söwet döwründen galan we Orsýetiň gözegçiligindäki gazgeçiriji sistemasyndan garaşlylygy azaldyp bilýär. Azerbaýjan soňky ýyllarda Ýewropadaky nebit-gaz hyrydarlary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagy başardy.

Energiýa serişdeleriniň esasy hyrydarlarynyň ýene biri Hytaý. Ol hem öz önümçiligini ýola goýmaga ukyply ýurt. Pekin Orsýetiň Sibirdäki, Uzak Gündogardaky we Arktikadaky resurslaryny özleşdirmek üçin Moskwa bilen ylalaşyk baglaşan hem bolsa, ol Orsýete esasy energiýa çeşmesi hökmünde garamaýar.

Özgerişlikler Orsýete öz täsirini ýetirip başlady. Energiýa pudagy ýurduň umumy içerki ömümçiliginiň 30%-ni we hökümetiň girdejileriniň 50%-ni emele getirýär. 2012-nji ýylda “Gazpromuň” girdejileri 15%, Ýewropa satýan gazynyň möçberi bolsa 8% azaldy. Orsýetiň umumy ösüş derejesi bolsa şu ýylyň ikinji çärýeginde 1,2% boldy. Emma Orsýetiň hökümeti bu ösüşiň 1,9% bolmagyna garaşypdy.
XS
SM
MD
LG