Sepleriň elýeterliligi

logo-print

AI pilotsyz uçarlaryň hüjümini tankytlady


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” toparynyň ýaýradan täze hasabatynda ABŞ-nyň Pakistanda amala aşyrýan pilotsyz uçarlarynyň käbir zarbalary uruş jenaýatlaryna getirip biljekdigi aýdylýar.

“Pakistanda ABŞ-nyň pilotsyz uçarlarynyň hüjümleri: Indiki menmi?" at bilen çykan hasabatda Waşingtonyň Pakistanyň demirgazyk-günbatar sebitinde bikanun adam öldürmelerini amala aşyrandygy nygtalýar.

Aktiwistleriň maglumatyna görä, 2004-nji ýyldan bäri pilotsyz uçarlaryň Pakistanda amala aşyran 300 hüjüminde 2 müň töweregi adam, şol sanda “Al-Kaýda” toparynyň we “Talyban” hereketiniň ýokary derejeli wekilleri öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG