Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Awtobus partlamasy derňelýär


Russiýada duşenbe güni Wolgograd şäherinde amala aşyrylan terroristik hüjümi bilen baglylykda derňew işleri başlandy. Janyndan geçen bir aýal hüjümçiniň amala aşyrandygy çaklanylýan bu bomba partlamasynda ölen alty adamyň şahsyýeti anyklandy.

Rusiýanyň Derňew komitetiniň metbugat wekili Wladimir Markin sişenbe güni çykyş edip, hüjümi amala aşyrmak üçin 500-600 gram partlaýjy serişdäniň, şeýle-de demir bölejikleriň ulanandygyny mälim etdi.

Markin hüjümi amala aşyran aýaly Naida Asiýalowa diýip tanatdy. Asiýalowa Dagystanyň paýtagty Mahaçgalada Moskwa tarap ugraýan bir awtobusa münüpdir.

Markin hüjümde ölen adamlaryň aglabasynyň ýetginjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG