Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Iwanişwili: Saakaşwili jogapkärçilige çekilip bilner


Gürjüstanyň premýer-ministri wezipe möhleti tamamlanyp barýan prezident Mihaýil Saakaşwiliniň ýuridiki jogapkärçilige çekilip bilinjekdigini aýtdy.

Bidžina Iwanişwili ýurduň “Imedi TV” telekanalynda sişenbe güni eden çykyşynda Saakaşwiliiň beýleki ýagdaýlar bilen bir hatarda 2005-nji ýylda premýer-ministr Zurab Žwaniýanyň öldürilmegi boýunça hem jogapkärçilige çekilmeginiň mümkindigini belledi.

Iwanişwili Saakaşwilä anyk jenaýat aýyplamalaryň bildirilip-bildirilmejekdigi barada hiç zat aýtmady.

Geçen ýylyň oktýabrynda Iwanişwiliniň “Gürji arzuwy” koalisiýasy häkimiýet başyna geçeli bäri, Saakaşwiliniň ençeme ýarany tussag edildi.
XS
SM
MD
LG