Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: Harbini goýy tupan basdy


Hytaýyň demirgazygyndaky Harbin şäherini goýy goňur tupan gurşap aldy. Munuň netijesinde şäheriň uly köçeleri ýapyldy, şeýle-de halkara aeroportyndaky uçuşlar ýatyryldy.

Sişenbe güni dörän bu hadysada howanyň hapalygynyň derejesi kabul edilen halkara normalaryndan 40 esse ýaramaz bolandygy aýdylýar.

20-nji oktýabrda şäheriň ýyladyş ulgamy işledilip başlananda, howanyň hapalanmagy bilen bagly meseleler ýüze çykyp başlapdy.

Häzirki ýagdaýlaryň ýene-de azyndan bir gün dowam etjekdigi aýdylýar. Şäherde başlangyç we orta mekdepleri ýapyldy.
XS
SM
MD
LG