Sepleriň elýeterliligi

iPad5-iň çykmagyna garaşylýar


"Apple" kärhanasynyň emblemasy

"Apple" kärhanasynyň emblemasy

ABŞ-nyň kompýuter läheňi “Apple” kärhanasynyň özüniň iPad tabletiniň nobatdaky görnüşini köpçülige çykarmagyna garaşylýar.

“Apple” sişenbe güni San-Fransiskoda ýörite çäräni meýilleşdirýär. Emma onuň mazmuny gizlinlikde saklanyp, ol barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Ekspertleriň çaklamagyna görä, iPad tabletiniň bäşinji tapgyry ozalkylara görä has inçe we ýeňil bolar. Şeýle-de täze iPad-larda, edil iPhone 5s-däki ýaly, barmagyň yzyny seljerýän sensorlaryň hem boljakdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG