Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda tagtabiti alada döredýär


Türkmenistan
Türkmenistan
Türkmenabadyň Görogly köçesinde ýaşaýan Hemra aganyň jaýynyň diwarlarynyň içki suwagy gyrlyp aýrylan, diwarlaryň kagyz bezegi, suwagyň ýüzüne ýelmenýän oboýlar hem sypyrylan. Muny ilki göreniňde öý eýesi tutuş jaýy gowy edip remonta taýýarlapdyr diýdirýär. Emma, hakykatda welin, ýagdaý düýbünden başgaça. Hemra aganyň maşgalasy aladaly günleri başdan geçirýär.

Mejbury çäreler

Aladanyň düýp sebäbi, olaryň jaýyny tagtabitiniň basmagy bilen bagly. Bu bite garşy jaý eýeleri özleriçe çäre görüp, ýorgan-düşeklerini güne seripdirler, jaýyň içine bolsa mör-möjek öldürýän dürli himiki serişdeleri-de sepipdirler. Emma biti ýok etmäge gönükdürilen çäreler netije bermändir.

Tagtabitinden ejir çekýän diňe Hemra aga däl, Türkmenabadyň 3-nji kiçi etrapçasynyň dört gatly ýaşaýyş jaýlaryndan birinde ýaşaýan Narjan atly ýaş gelin hem ol bitden zeýrenýär. Ol tagtabitiniň öz çagasynyň saglygyna salýan howpundan alada edýär.

Narjan üç ýaşly çagasynyň bedeninde gyzyl örgünleriň peýda bolup başlandygyny, güýçli gijilewüge sebäp bolýan bu örgünleriň tagtabitindendigini aýdýar. Narjan çagasynyň geýminde şol bitleriň peýda bolandygyny görüp, hasam alada galandygyny gürrüň berýär.

Şäheriň Bahar kiçi etrapçasynyň özüni Gülaýym diýip tanadan ýene bir ýaşaýjysy hem täzelikde öz ýaşaýan kwartirasynyň mebellerinde tagtabitiniň peýda bolandygyny mälim edip, bu beladan goňşularynyň hem ejir çekýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Tagtabitiniň peýda bolandygy barada öňler paýtagt Aşgabatda kän gürrüň edilýärdi, emma onuň bu ýyl Türkmenabada hem ýaýrap başlandygy barada il arasynda gürrüň kän. Bu bitleriň türkmen oba-şäherlerinde nähili döreýändigi barada welin, hiç hili takyk maglumat ýok.

Resmi çeşmelerde şeýle ýagdaýyň bardygy hakda kelam agyz söz aýdylmansoň, tagtabiti we onuň peýda bolşunyň sebäpleri barada adamlarda ýeterlik maglumat ýok, bu hem öz nobatynda dürli çaklamalaryň döremegine getirýär.

Nädip ýok etmeli?

Abadan şäheriniň özüni Humaý diýip tanadan ýaşaýjysynyň tagtabitiniň peýda bolmagyna garaýşy takyk. Humaý “Azatlyk” Radiosyna bu hakda şeýle diýýär: “Adamlar oňa “Hytaý tagtabiti” diýýärler, adamlaryň bilýän ýerli tagtabitini jaýy arassa saklap, hepdede bir gezek pollary hloromin bilen ýuwup, belli serişdeler bilen ýok edip bolýardy, ýöne şol dermanlar Hytaý tagtabitine täsir edenok”.

Adaty dermanlaryň täsir etmeýän, şol bir wagtyň özünde-de aşa çalt ýaýraýan bu bite garşy täsirli derman tapyp bolmansoň, Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň arasynda jaýyny gulplap, çykyp gidýänleriniň-de bardygy aýdylýar.

“Olardan biri hem meniň goňşym - diýip, söhbetdeşimiz türkmenabatly Gülaýym gürrüňini dowam etdirýär: - Goňşularymdan biri tagtabitini ýok edip bilmän, birnäçe wagtlap ejir çekensoň, kwartirasyny gulplap, oba göçmäge mejbur boldy”.

Häzirki döwürde bu bitlerden ejir çekýän türkmenabatlylaryň öňünde keserip duran esasy sorag ol bitleriň döremegi bilen bagly däl-de, olary nädip ýok etmelidigi bilen bagly. Adaty bitlere garşy ulanylýan ýerli dermanlar olara täsir etmänsoň, olary öldürmek üçin Hytaýdan getirilen ýörite dermany ulanmaly bolýar.

Ol dermanyň bir jaýy arassalamak üçin ýeterlik derejesi, ýagny bir gutusy 100 manat töweregi, bu hem köp adamlar üçin gymmat hasaplanýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, esasanam, güýz aýlarynda peýda bolýan bu bitiň adam saglygyna ýetirýän zyýany barada hem aladalar kän, emma häzirlikçe resmi habar serişdlerinde bu hakynda halka takyk maglumat berlenok.
XS
SM
MD
LG