Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk TW

Prezidentiň "ýazan" kitaplary


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazandygy aýdylýan täze kitap halk köpçüligine hödürlendi. Onuň ady “Döwlet Guşy”. Beýleki kitaplaryndan tapawutlylykda bu Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazandygy aýdylýan ilkinji roman kitabydyr. Prezident Berdimuhamedowyň çagalyk ýatlamalaryna bagyşlanan bu kitabyň bahasy 47 manat bolup, onuň 570 sahypadan ybaratdygy aýdylýar. Mundan ozal prezident Berdimuhamedowyň ýazandygy aýdylan kitaplar medisina, türkmen atlary, ykdysadyýet ýaly dürli temalary öz içine alýar. Wideoda şol kitaplardan käbirleri şekillendirilýär.

XS
SM
MD
LG