Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetdäki “geroinçiler”


Orsýetli geroinçi. Moskwa.
Orsýetli geroinçi. Moskwa.
Orsýetde geroin çekýän azyndan 1.5 million adam bar we bu ýurda agzalýan neşe serişdesiniň köp bölegi Owganystandan getirilýär. Kreml öňümizdäki ýylda NATO goşunlarynyň Owganystandan çekilmegi bilen neşe dolanyşygynyň artmagyndan gorkýar. Muňa garamazdan, resmiler bu meselä ünsi çekmek üçin kän bir öwerlikli iş bitirenoklar.

Meňzi solup, horlukdan ýaňa süňke dönen Igoryň dişleri gaçyp, gözleriniň agy saralyp gidipdir. Ol geroiniň adama näderejede zyýan ýetirip bilýändigine magat göz ýetiren adamlardan biri. Neşe belasyna ýolugyp, ondan 10 ýyldan bäri ejir çekýän 27 ýaşly bu moskwaly ýigit neşe atly ýuwdarhadan haçan we nädip gutulyp biljegini göz öňüne-de getirip bilmeýär.

Igoryň hekaýaty

Igor geroine gaty ýaş başyndan başlapdyr. Ol entek ýaňy bir 12 ýaşa gadam basanynda, ejesi ýogalýar. Şunlukda Igor köçe terbiýesini almaly bolýar. Aradan bir ýyl geçip-geçmänkä, ol arak içip başlaýar. Iki ýyldan soň bolsa geroiniň duzagyna düşýär.

“Her kimem ilkibaşda “men başararyn”, “men özümden habarly”, “men özüme ynanýan” diýýän gürrüňler bilen geroine başlaýar. Menem edil şolar ýaly, ilkinji sapar 2001-nji ýylda birinji gezek dadyp görüpdim, ýöne biz, ynha, eýýäm 2013-nji ýylda. Aradan 12 ýyl geçipdir. Häli bu güne çenli men özüme “men oňaryn”, “men özümi gowy bilýän,” “men özüme ynanýan” diýip gelýärin” Diýip, Igor gürrüň berýär.

Geroin tapmak üçin Igor ogurlyga-da baş goşupdyr. Ol çagalykda bile önüp-ösen dostlaryny ýitiripdir, üç ýyllap türmede oturypdyr. Wagtyň geçmegi bilen onuň içki organlarynda näsazlyklar peýda bolup başlapdyr. Şeýle-de ol özüniň impotentdigini ýaňzydyp, özüniň aýallar bilen jynsy gatnaşyk etmäge ukypsyzdygyny aýdýar.

Özüniň familiýasynyň aýdylmagyny islemedik Igor gaty açyk hem-de mylaýym gürleşýärdi. Ýöne haçan-da ol nädip bu ýagdaýa düşüp ýörşi barada gürrüň bereninde, ýüregedüşgünçlik bilen iki ýana yranýardy we çala sakawlaýardy: “Men oňat, ile goşulýan adam. Zähmet çekmegi hem halaýaryn. Bilýäňizmi, bu bir durmuşyň kyn döwrüdi. Siz maňa düşünmersiňiz, ýöne bilýäňizmi, men bir zatlaryň gözlegindedim. Meni gorap biljek bir zatlary gözleýärdim, rahatlanmagyň ýoluny gözleýärdim, men hatda näme gözleýänimi aýdyp düşündirip hem bilmerin. Ine, şeýdibem şu derejä düşdüm. Bilýäňizmi, bu bir nejislik, peslik. Men şu batgalyga çümdüm, läbige çümdüm...”

Neşekeşligiň derejesi

Igor ýeke däl. Neşekeşlige garşy göreşmek boýunça Federal gullugyň çaklamalaryna görä Orsýetde 1-1.5 million aralygynda geroin çekýän adamlar bar. Garaşsyz bilermenleriň aýtmaklaryna görä, Orsýetde geroin çekýän adamlaryň sany ýaňky agzalanyndan iki esse köp. Her ýyl 100.000-e golaý adamyň neşekeşleriň hataryna goşulýandygy çaklanylýar. Bu neşe belasynyň özeninde bolýan ýagdaý.

Neşekeşleriň neşe sançmak üçin ulanýan iňňelerini özara alyş-çalyş etmekleriniň netijesinde ýokanç SPID, ýagny AIDS keseleniň olaryň arasynda has giňden ýaýraýandygyny görkezýär. Orta Afrikada bu keseliň ýaýramagynyň öňüniň alnyp başlanandygyna garamazdan, gürrüňi edilýän Orsýetde SPID has hem möwjeýär.

Dünýäniňiň esasy geroin öndürijisi hökmünde tanalýan Owganystandan Orsýete neşe serişdeleriniň geçirilmegini Kreml “öz ýurdunyň milli howpsuzlygyna abanýan uly gorky” diýip häsiýetlendirdi. Şeýle-de Kreml Owganystanda hereket edýän NATO güýçlerini tankytlap, olaryň ýurda ýerleşmeginden soňra geroin önümçiliginiň artandygyny mälim etdi. Geçen ýyl Orsýetiň saglyk ulgamy boýunça iň ýokary resmisi Gennadiý Onişenko Owganystandan halkara güýçleriň yza çekilmegi bilen, Orsýete has köp mukdarda geroiniň getrilmegi ahmal diýip, çykyş edipdi.

Neşä garşy göreş

Ýagdaýyň şeýledigine garamazdan, ors hökümeti Igor ýaly geroine endik eden adamlara kömek etmek üçin häzire çenli bitiren ullakan bir işi ýok.

Ýurtda SPID keselniň ýaýramagynyň öňüni alyp biljek “iňňe alyş-çalyş” programmasy ýok. Geroinçileri neşesini goýdurmak boýunça hiç hili döwlet derejesinde programma ýok. Şeýle-de köpüsi gepatit, SPID we inçekesel ýaly kesellerden ejir çekýän geroinçiler yzygiderli kemsidilýärler we olara degişli saglyk hyzmatlary berilmeýär. Käwagt olardan doly ýüz öwrülýär.

Maksim Malyşow neşeşekeşlige duçar bolan adamlara ýakyndan ýardam berýän Andreý Rylkow adyndaky döwlete degişli däl guramanyň meýletin işgäri. Onuň aýtmagyna görä, şeýle endige duçar bolan adamlar köplenç jemgyýetden çetleşdirilip, ýekirilýärler we “ýaramaz sferada” ýaşamaga mejbur bolýarlar.

“Olar neşä endik edendikleri sebäpli, her kime elýeterli bolan saglyk hyzmatlaryndan hem peýdalanyp bilmeýärler. Keselhana özüni bejertmek üçin gelen bir hassa: “Saňa bu ýerde näme gerek? Biz näme üçin seniň saglygyňa seredeli, sen barybir ölýäň” diýipdirler”.

Malyşowyň degişli bolan guramasy ýaly beýleki jemgyýetçilik bileleşikleri ýalňyş ýola baş goşan adamlara kömek etmek üçin maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýärler. Üstesine, döwlet hem olara şübhe we kitüwlilik bilen seredýär. Andreý Rylkow adyndaky bileleşik neşä endik eden adamlara kömek edýär. Bileleşik olarda AIDS we gepatit keselleriniň barlygyny ýa-da ýokdugyny anyklap, soňra degişli dermanlar we arassa iňňeler bilen üpjün edýär.

Şeýle-de bileleşik metadonyň kanunylaşdyrylmagy üçin hem işler alyp barýar. Bütindünýä saglyk guramasy metadonyň neşe endiklerini taşlatmakda kömek edýändigini aýdyp, onuň neşä garşy göreşmekde iň “netijeli usuldygyny” nygtaýar. Muňa garamazdan, Orsýetde biziň gürrüňini edýän maddamyz gadagan. Adamlary metadon ulanmaga çagyrandyklary üçin Rylkow bileleşiginiň resmi websaýty 2012-nji ýylyň fewral aýynda häkimiýetler tarapyndan ýapyldy.

Ýaňy-ýakynda Moskwanyň etegindäki raýonlaryň birinde Malyşow we onuň bir kärdeşi Igor ýaly neşekeşlere kömek berýändikleri üçin polisýa tarapyndan edilýän basyşlara sezewar boldular. Polisýa olary “tussag ederis” diýip gorkuzypdyr. Muňa garamazdan, olar köçedäki awtobus duralgasyna baryp, ýaman ýola baş goşan neşekeş aýallara kömek edipdirler.

Malyşowyň özi hem ozallar geroin çekýän ekeni, ýöne ol bu beladan gutulmagy başarypdyr. Onuň aýtmagyna görä, Rylkow bileleşiginiň bitirýän işleri ülkäni neşeden halas etmek üçin “ummanda bir damja” ýaly ekeni, ýöne ol muňa garamazdan, tutanýerlilik bilen öz işini dowam etmek isleýändigni aýdýar: “Biz özümiziň san taýdan azdygymyza garamazdan, ýurtdaky neşe syýasatyny düýpli üýtgedip bilmejekdigmize gözümiziň ýetýändigine garamazdan, öz işimizi dowam etmeli. Biz ýagdaýa garamazdan, muny dowam edýäris”.

Igor neşe ulanýan adamlaryň hasapda durandygyna gowy düşünýär. Polisiýa işgärleri yzygiderli gelip, olary saklaýarlar we bolar-bolugsyz jenaýatlary olara boýun aldyryp, çäre görýärler.

Igoryň çykalgasy

Şonda-da Igor özüne görä iş tapmagy başarypdyr. Ol Moskwada hereket edýän köpçülik ulaglarynyň, awtobuslaryň ussaçylyk işleri bilen meşgullanýar.

“Eger işim bolmadyk bolsady, men bireýýäm gözümi türmeden açardym. Neşe çekmek üçin puluň bolmaly. Işiň bolmasa, puluň bolmaz. Beýle bolsa, daşaryk çykmaly, ogurlyk etmeli, adam talamaly bolýar. Şolar ýaly işlere baş goşup başlasaň, iru-giç türmä düşersiň. Köplenç ir düşülýä, sebäbi uzak wagtlap gaçyp gezip bolmaýar” diýip Igor gürrüň berýär.
XS
SM
MD
LG