Sepleriň elýeterliligi

Duşenbe HRW-niň beýanatyny ret edýär


Täjigistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýokary derejeli resmisi adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasynyň ýurtdaky prezidentlik saýlawlaryna görülýän taýýarlyklary tankyt etmegini ret etdi.

Çarşenbe güni Abdumannon Dodoýew Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda “Human Rights Watch” guramasynyň “saýlawlaryň azat we bäsleşikli geçirilmegini gazanmakda” täjik hökümetiniň şowsuz bolandygy barada ýaýradan beýanatynyň esassyzdygyny belleýär. Agzalýan adam hukuklaryny goraýan gurama bu beýanaty duşenbe güni ýaýradypdy.

Dodoýewiň sözlerine görä, Täjigistanyň saýlaw kampaniýasy ýurduň kanunyna we düzgünine laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle-de, ol: “Azyndan Täjigistanda ýagdaýlar goňşy Owganystandakydan has gowy. Ol ýerde adamlar öldürilýär” diýdi.
XS
SM
MD
LG