Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Kellesiz jesetler tapyldy


Owganystanyň günortasyndaky Gelmand welaýatynda söýgüli bolandygy çaklanylýan ýaş gyzyň we oglanyň kellesiz jesetleri tapyldy.

Çarşenbe güni welaýat polisiýa resmisi Juma Gul Hemmatyň beren maglumatyna görä, ýaş gyz we oglan sişenbe güni giçlik öldürilene çalym edýär. Maglumatlara görä, gyz oglan bilen gaçypdyr.

Şondan soň olar gyzyň garyndaşlary diýlip çaklanylýan ýaragly adamlar tarapyndan Gelmand welaýatynyň paýtagty Laşkar Gah şäherindäki öýünden uzaga alnyp gidilipdirler.

Ýöne polisiýa resmisi Hemmat bolsa ýaşlaryň öldürilmegine “Talyban” hereketi bilen ilteşikli ýerli söweşiji Hajy Torjanyň jogapkärdigini aýdyp, ony aýyplaýar.

Owganystanyň konserwatiw yslamçy jemgyýetinde durmuşa çykmazdan ozal gyz-oglan gatnaşygy gurmak gadagan hasaplanylýar. Ýurtdaky nikalaryň aglabasy maşgalalar tarapyndan kesgitlenip, kähalatlarda bu barada ýaş jübütleriň özleri bilen hem maslahat edilmeýär.
XS
SM
MD
LG