Sepleriň elýeterliligi

Dünýäde çaga ölümi azalýar


Düýbi Londonda ýerleşýän “Çagalary goramak” guramasynyň ýaýradan täze raportyna görä, dünýä soňky nesilde çaga ölümini azaltmakda “görülip-eşidilmedik” derejede öňe gidişlik gazanypdyr.

Çarşenbe güni ýaýradylan raportda 75 ýurda syn edilip, onda öňüni alyp boljak sebäplerden ölýän bäş ýaşyň aşagyndaky çagalaryň ölüminiň geçen ýyl 6,6 milliona barabar bolandygy mälim edilýär. Bu san 1990-njy ýylda 12 milliona deň bolupdy.

Şeýle-de raportda Afrikada ýerleşýän Nigeriýa halkynyň gurakçylyga we resurslaryň ýetmezçiligine garamazdan, bu babatda “geň galdyryjy” öňe gidişlik gazanandygy bellenilýär.
XS
SM
MD
LG