Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama bilen Şarif duşuşýar


Çarşenbe güni Ak tamda Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif bilen Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama duşuşýar. Bu duşuşykda ABŞ-nyň howa zarbalaryny, Owganystandaky ýagdaýlary we söwda gatnaşyklary öz içine alýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Obamanyň Pakistanyň tire-taýpa regionlaryndan NATO-nyň we Birleşen Ştatlaryň goşunyna serhetýaka hüjümleri amala aşyrýan söweşiji toparlara basyş etmegi üçin Şarife has köp tagalla etmäge çagyrmagyna garaşylýar.

Şarifiň bolsa Pakistanda ABŞ-nyň howa zarbalarynyň togtadylmagyny talap etjekdigi aýdylýar. Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasynyň ýaňy-ýakynda ýaýradan raportynda gürrüňi edilýän howa zarbalary uruş jenaýaty hasaplanyp bilner diýilýär.

Soňky ýyllarda Pakistanda asuda ilatyň heläk bolmagyna sebäp bolan ABŞ-nyň howa zarbalary we Osama Bin Ladeniň ölmegine alyp baran ABŞ-nyň Pakistanyň içindäki harby operasiýasy Waşington bilen Yslamabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň erbetleşmegine sebäp bolupdy.

Analitikler duşuşyk iki ýurduň gatnaşyklaryny gowulaşdyrmaga kömek edip biler diýýärler.
XS
SM
MD
LG