Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri türkmenistanlylary gutlady


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri türkmenistanlylary ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramynyň 22 ýyllygy bilen gutlap beýanat ýaýratdy.

Sişenbe güni Kerri ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň websahypasynda ýaýradan beýanatynda “Prezident Barak Obamanyň we Birleşen Ştatlaryň raýatlarynyň adyndan Türkmenistanyň 27-nji oktýabrda bellenjek garaşsyzlygyňyzyň 22 ýyllygy bilen gutlaýaryn” diýýär.

Şeýle-de, Kerri beýanatda parahatçylykly we durnukly regionyň emele gelmegi üçin ABŞ-nyň we Türkmenistanyň bilelikde hyzmatdaşlyk edendigini belläp, mundan beýläk hem ikitaraplaýyn söwdany giňeltmek ýaly umumy maksatlarda ABŞ-nyň Türkmenistan bilen ýakyndan gatnaşyklary dowam etdirjekdigini nygtaýar.
XS
SM
MD
LG