Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Daşardaky raýatlar üns merkezinde


24-nji oktýabrda Moskwada “Daşary ýurtlarda ýaşaýan orsýetlileriň hukuklaryny goramak problemasy” atly halkara konferensiýasy geçiriler.

Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bu konferensiýada Türkmenistana degişli meseleler we goşa raýatlyga eýe bolan orsýetlileriň hak-hukuklarynyň goragyna degişli problemalar maslahat ediler.

Konferensiýa GDA institutynyň guramaçylygynda we Orsýetiň “Daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlary goldamak we goramak boýunça fondyň” ýardam bermeginde geçirilýär.
XS
SM
MD
LG