Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda "Turkmen Party" ýatyryldy


"Turkmen party" dabarasynyň bildirişi.
"Turkmen party" dabarasynyň bildirişi.
Belarusda okaýan türkmen talyplarynyň ýurtdaky gijeki klublaryň birinde gurnamakçy bolan bir şowhunly dabarasy sosial ulgamarynda dörän uly nägilelikden soň ýatyryldy.

Şu hepdäniň başynda “Wkontakte” sosial ulgamynda Belarusda bilim alýan türkmen talyplarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 24-nji oktýabrda Witebsk şäheriniň gijeki klublarynyň birinde “Turkmen Party” atly ýörite şowhunly çäräni gurnaýandyklary baradaky bildiriş ýerleşdirildi.

Nägilelik

Şol bildirişde dabara “diňe türkmenistanly talyplaryň we rus gyzlarynyň goýberiljekdigi”, şeýle-de şagalaňyň “100% hezil geçjekdigi” wada berilýärdi. Bu bildirişiň mazmuny sosial ulgamlarda gahar-gazaby döretdi.

Bir tarapdan, milletçilikli şygarlar beýan edilen bolsa, beýleki tarapdan, adamlar ýygnanyp “Turkmen Party” şowhunynyň geçýän klubyna we oňa ýygnanan türkmenleriň üstüne hüjüm etmäge çagyrdylar.

Netije-de köp sanly nägilelikli teswirlerden we çagyryşlardan soň, bu bildirişiň ýerleşdirilen “Wkontakte” sahypasy ýapyldy.

Munuň yz ýany bilen türkmen talyplarynyň şagalaňy geçirmekçi bolan “Zebra” gijeki kluby hem “Turkmen Party” çäresiniň ýatyrylandygyny habar berdi.

“Zebra” gijeki klubunyň wekilleriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, dabaranyň ýatyrylmagyna jemgyýetçiligiň nägileligi sebäp bolupdyr.

Berilýän maglumata görä, Belarusda 7 müňden gowrak türkmenistanly talyp bilim alýar.
XS
SM
MD
LG