Sepleriň elýeterliligi

Orazow: 'Ýaşulular maslahatyndan Daşogza haýyr ýok'


Daşoguz, Görogly etrabyndaky gündelik durmuşdan bir görnüş

Daşoguz, Görogly etrabyndaky gündelik durmuşdan bir görnüş

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde, Daşoguzda şu gün, 23-nji oktýabrda Ýaşulular maslahaty başlandy. Bu maslahat iki gün dowam edýär.

Türkmenistanda geçirilýän Ýaşulalar maslahatlarynda il-ýurt bähbitli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygy aýdylýar.

Ýerli synçylar bu gezekki Ýaşulular maslahatynyň Türkmenistanyň ekologiýa taýdan iň kyn ýagdaýdaky, işsizligiň bolsa iň ösen ýeri hasaplanýan sebitinde geçirilýändigini belleýärler.

Azatlyk Radiosy bu maslahatda ýerli meseleleriň gozgalyp, olaryň çözgüdiniň gözlenmek mümkinçiligi barada Daşoguzdan ösüp çykan syýasatçy, häzir Şwesiýada ýaşaýan oppozisiýa wekili Hudaýberdi Orazow bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG