Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeh kommunistleriniň täsiri artýar


Çehiýanyň Kommunistik partiýasynyň saýlaw plakaty, Praga, 22-nji oktýabr, 2013.
Çehiýanyň Kommunistik partiýasynyň saýlaw plakaty, Praga, 22-nji oktýabr, 2013.

Çehiýanyň saýlawçylary şu hepdede täze parlamenti saýlamaga taýýarlyk görýärkä, ýurduň Kommunistik partiýasy 1989-njy ýylda Çehoslowakiýada kommunistik režim dargaly bäri eýe bolmadyk üstünligine eýe bolup, öz syýasy täsirini görnetin artdyrýar.

Pensioner Wladimir Pekny we onuň aýaly Hana Pekna Praganyň merkezinde ýerleşýän öýüniň golaýyndaky parkda açylan bägülleriň ýanynda oturyp, Çehiýada ýetip gelýän saýlawlar barada gürrüň edýärler.

Şu ýylyň iýun aýynda ýurduň öňki premýer-ministri Petr Neçasyň sagçy-merkezçi koalisiýasyny hökümetden çetleşdiren dawa çeh saýlawçylarynyň henizem ýadynda, bu bolsa kommunistlere öz täsirini artdyrmaga mümkinçilik döretdi. Ýurtda Kommunistik partiýa 1989-njy ýyldan bäri häzirki ýaly derejede goldaw bildirilmändi.

Ses berijileriň goldawy

Käri boýunça mehanik, 88 ýaşly pensioner Pekny häzirki ýagdaýa begenýär. Ol kommunistik döwri we Sowet Soýuzy boýunça goňşulary bilen şol döwürdäki söwda gatnaşyklaryny küýseýändigini aýdýar. Pekny ýurduň kömür känleriniň hususylaşdyrylmagyny ýazgaryp, muny halkyň milli baýlygyny talamak diýip atlandyrýar.

Wladimir Pekny we onuň aýaly Hana çäklije pensiýa pullaryna zordan oňýandyklaryny aýdýarlar. Olar ýurduň korrumpirlenen syýasatçylarynyň baýamak üçin öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanýandyklaryny nygtaýarlar. Olar parlament saýlawlarynda kommunistlere ses bermek niýetini mälim edýärler.

Bu pensionerleriň pikiri bilen ylalaşýan raýatlaryň sany köpelýär. Şu ýylyň başynda geçirilen pikir soralyşyklaryň netijelerine görä, öz pikirini mälim eden raýatlaryň üçden bir bölegi kommunistik režimiň höküm süren döwründe has gowy ýaşandyklaryny aýdypdyrlar.

Üstesine, ýurduň sagçy-merkezçi partiýalardan göwni galan ses berijileriniň saýlawlara gatnaşyk derejesiniň pes boljakdygy, munuň bolsa kommunistleriň şanslaryny artdyrjakdygy çak edilýär.

Sagçy-merkezçi sosial-demokratlaryň saýlawlarda 22% ses almagyna garaşylýar, bu bolsa olara özbaşdak köpçülik bolup hökümet düzmäge mümkinçilik bermeýär.

Çak edilişine görä, bu ýagdaý kommunistleriň sesleriň 17%-ni almagyna we öz täsirini artdyrmagyna getirer.

Meşhurlygyň sebäpleri

Pragada ýerleşýän Nýu-Ýork uniwersitetiniň müdiri we Çehiýanyň öňki prezidenti Waslaw Gaweliň kömekçisi bolan syýasy analitik Ýirži Pehe kommunistleriň häzirki üstünligini ýurtda alnyp barylýan syýasata garşy protestleriň artmagy bilen düşündirýär.

Ýirži Peheniň pikirine görä, öňki pemýer-ministr Petr Neçasyň hökümetiniň kemçilikleri ýurtdaky antikommunistik garaýyşlara uly zeper ýetirdi.

“Öň kommunistlere garşy çykyş eden adamlar indi hatda kommunistleriň-de Petr Neçasyň hökümetinden erbet däldigini aýdýarlar” diýip, Pehe belleýär.

1989-njy ýylda kommunistik režimi parahatçylykly ýol bilen agdaran we ”Mahmal rewolýusiýa” ady bilen taryhda yz galdyran ýurtda gaýtadan kommunistlere syýasy goldawyň artmagy köpleri geň galdyrýar.
XS
SM
MD
LG