Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Otly heläkçilige uçrady


Hytaýda otly çaknyşygynda bir adam öldi, başga-da 52-si ýaralandy. Bu barada Hytaýyň döwlet metbugaty habar berýär.

Çarşenbe güni agşam Sinhaý-Tibet demir ýol liniýasynda bolan bu wakada ýolagçysyz otly ýalňyş ugra gidip, Gündogar Golmund otly duralgasynda beýleki bir otly bilen çaknyşýar.

Tibet awtonomiýasynyň regionyna tarap 2 müň kilometre golaý uzap gidýän bu demir ýol liniýasy dünýäniň iň beýikde ýerleşýän demir ýol ulgamlarynyň biridir we ol syýahatçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir.

Şeýle-de Hytaýyň günortasynda beýleki ýolagçy otlusynyň ýük maşyny bilen çaknyşmagy netijesinde otlynyň sürüjisi öldi we başga-da 10 adam ýaralandy. Bu waka Heýlunszýan welaýatynyň Szýanusy şäherindäki demir ýol geçelgesinde bolup geçdi.

2011-nji ýylyň iýul aýynda Hytaýyň günortasynda ýokary tizlikdäki demir ýolda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde 40 adamyň ölüp, başga-da 177-siniň ýaralanandygyna garamazdan Hytaýyň demir ýol ulgamy gowy abraýa eýedir.
XS
SM
MD
LG