Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanda sülçi öldürildi


Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanyň Derňew komitetiniň Makaçkaladaky bölüminiň resmisi bomba hüjüminde öldürildi.

Russiýanyň Derňew komitetiniň Dagystandaky resmileri sülçi Ramazan Ramazanowyň bomba hüjüminde agyr ýaralary alandan soň penşenbe güni irden keselhanada aradan çykandygyny aýtdylar.

Şeýle-de, penşenbe güni Dagystanyň Hasawýurt-Babaýurt gara ýolunyň ugrunda Russiýanyň içeri goşunynyň ulag kerweniniň golaýynda elde ýasalan partladyjy ýaryldy. Bu wakada hiç kime şikes ýetmedi.

Soňky ýyllarda Demirgazyk Kawkaz respublikasy Russiýanyň iň dartgynly regionyna öwrüldi. Söweşijiler Russiýanyň günortasynda Yslam döwletini döretmek üçin uruşýandyklaryny aýdyp, Dagystandaky, Inguşystandaky, Çeçenistandaky we Kabardiona-Balkariýadaky polisiýa işgärlerine, aram musulmanlara we ýerli resmilere ýygy-ýygydan hüjümleri amala aşyrýarlar.
XS
SM
MD
LG