Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus: Serhoşlaryň ulagy alynar


Belarusda serhoş ýagdaýda ulag sürüp, iki sapar tutulan awtomobil eýeleriniň ulagyny konfiskasiýa edýän täze kanun penşenbe güni güýje girdi.

Bu kanun Belarusyň parlamenti tarapyndan iýun aýynda kabul edilipdi. Bu kanuna görä, hat-da raýat başga biriniň ulagyny sürüp barýarka hem serhoş ýagdaýda tutulsa, onuň sürüp barýan ulagy döwletiň eýeçiligine geçiriler. Bu kanuna görä, ogurlanyp serhoş adamlar tarapyndan sürülen ulaglar konfiskasiýa edilmez.

Kanunda bellenmegine görä, konfiskasiýa edilen ulaglar satylar we onuň puly döwlet gaznasyna ýa-da serhoş sürüjiler zerarly heläkçilige uçran adamlara beriler.

Şeýle-de, bu kanun serhoş wagty ulag süren daşary ýurtly raýatlar üçin hem degişlidir.
XS
SM
MD
LG